Paradise
27.04.2020 18:58
ÝEKELIK

Gije ümsümligiň goýnuna siňip,
Syrdaş tapman ýüregimi dökere.
Kalbym ýyly mähre bolupdyr teşne,
Dünýäm sensiz ýykyp barýar ýekelik.

Hyýallarym ýene menden birugsat,
Şol seniň dünýäňe edip ýör seýran.
Ýene ýada düşýäň unutdym diýsem,
Bu bolup ýörşüme özümem haýran.

Dilberim ýüregmi otlara goýup,
Gitdiň, aýralykda bagrym dagladyň.
Bilýän, wah aglamak bolsa-da aýyp,
Gülüm ýene sensizlikde agladym.

Düşünmedim bu pelegiň oýnuna,
Kysmatyma ajy gözýaş damypmy?
Ýogsa ikimizem az örtenmändik.
Meň şol öňküligim.
A sen bagtly…
44
518
Myhman Myhman
28 Aprel 2020
Gowy eken
gulshatayewa97
27 Aprel 2020
Bolýa gowy goşgy eken?
Paradise
27 Aprel 2020
Awtoryny bilemoga Gulsatjan
gulshatayewa97
27 Aprel 2020
Awtory?!
Paradise
27 Aprel 2020
Kawagt sol yalnyzlyk ozumizi has gowy tanamana komek etyar dine ozumizi dal das toweregimizdaki adamlary dost diyip yoren adamymyzy hat-da kawagt seyle yagdaylar bolyar dusman diyip yoren adamymyz aslynda bize has yakyndygyny gorkezyar
barlagcy
27 Aprel 2020
Gynansagam kate yalnyzlygam adama yoldas bolup bilya uly ilin icinde yalnyzlyk gen duyulya sondada bar
L-minikkalpler
27 Aprel 2020
Waaaww das bolupdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.