Paradise
24.04.2020 23:54
Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz
ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.
Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar.
Dana şeýle jogap beripdir:
- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup bilmekdir.
56
751
Myhman Myhman
28 Aprel 2020
????
Myhman Myhman
25 Aprel 2020
Howwa dogry
Myhman Myhman
25 Aprel 2020
Dogry esasysy kop zada eye bolmak dal az zada matac bolmak
Gülhan
25 Aprel 2020
Şu filosofik düşünjeleri söyyände ❤️?. Berekella!
babamyrat
25 Aprel 2020
dogry aýdylan sözler
Smile
25 Aprel 2020
Like
Bts
25 Aprel 2020
Howwa dogry shonun un her zat oz wagtynda bolsa gowy
Fatima
24 Aprel 2020
Gaty dogry sözler?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.