Paradise
28.04.2020 19:24
“Nireden ýadyma düşdüň?!” diýme sen,
“Salam” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.
“Tallaryň boýnuna tama öýmesin
saraý” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Ýogsa, men böljekmi ünsüň-üşügiň?!
Tekepbir bolsamam, bilýän düşünip.
“Gül göwnüňden öýke buldun düşürip,
ýagaý” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Göwnüňe degenin geň görüp ýören,
Göwnüm nämelere döz gelip ýörer?!
“Men — Adam bolmagy öwrenip ýören
zenan” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Men maý tapsam ugramakçy, barybir…
Hiç bilemok adamlara garylyp.
“Bir gün… ýarpy eser goýsam, ýarysyn
ýazaý” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

“Biz bir gelýäs” — kepil ýokmuş ýenäge.
Bigadyrlyk — bu gümanyň sebäbem…
Men bolsa… zat tapman seni deňäre,
“Halal!” diýmek üçin düşdüm ýadyňa
42
715
Paradise
29 Aprel 2020
Hem kine bar hem oyke hemem pasmadyk arzuwlar bar
barlagcy
29 Aprel 2020
Howa kine bar ýöne ýalñyş düşünýän bolsamam bilemik welin gül göwnüñden öýke buldun düşürip ýagaý diýmek ün yadyña düşdüm . Şu yerde birhili oykeleme yarasaly diyyan many duyulyamy ya gumundenem anryk git diyyami
Paradise
28 Aprel 2020
Men su gosgyny okanymda kine duydym
barlagcy
28 Aprel 2020
Mena dogrymy aytsam belli bir many alyp bilemok birden kine duyulya birdenem ozi oykelap gaydana menleya gosgyn basynda tamany tala danay diyya sonam yene ..... yene dusinmedim kellan dury wagty gok cayyn basynda pikirlenaymesem
Paradise
28 Aprel 2020
Howa azajyk genrak duyulyar
barlagcy
28 Aprel 2020
Yone dogurdanam gen duyulya 1 bendi many taydan baglanysdyryp bolanok oydyan
barlagcy
28 Aprel 2020
Howalay sony yazan gorgulara goni sol oymani sen danyn diyipdir
Paradise
28 Aprel 2020
Wi seylemi bolya okap goreyin menem su gosgyny bir yerlerden gocurip blaknodyma bellap goyypdym.Howa seylemika diyyan sebabi ozboluslyja owadanlap sol manyny berer yaly edip duzupdir
barlagcy
28 Aprel 2020
Jennet su gosgy galamdasda irrak goyuldy Aýgul Bayadowa degisli gosgy bolmaly wagt tapsan okap gor galamdasda teswir edildi su gosga yone sahyr gyzmarak eken birinji yazanyn yuzini erbet edip alypdyr elbetde zahmetine at dakylmagyn halan daldirda . O zatlar hic yone meni gyzyklandyryan zat esasy dawada sun ustunde boldy cozilmanem galdy sahyryn gyzmalygy un hic kim zat diyesi gelmedi belkem

Tallaryn boýnuna tama öýmesin saraý diýmek ün düşdüm ýadyña diyya . su tamañy tala dañ diyen sozi oz manysynda galdyryp sozlerini owadanlap ulanysymyka sahyryn ya basga many berjek boldumyka
barlagcy
28 Aprel 2020
Bu goşgam jennediñ ýañky goýan šahyry Aýgül Baýadowanyñky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.