Paradise
27.04.2020 18:55
BU ÝOLLARDA

Synaglaryň baryn görüp geçeýin,
Durmuş bu ýollarda meni aýama.
Galdyran bolmandy ýykylan çagym,
Ýene özüm galjak borun aýaga…

Tamakin däl bu illerden hiç zady
Başarsam-a men ýetirjek kömegim.
Ýok ekeni gaýgy-gussaň peýdasy,
Doldurmaz ol şatlygymyň öwezin.

Ýan berjek däl ejizlige, başarsam,
Hem hasyl bolaýjak arzuwlar etjek.
Iller ýaly öwünmegi başarman,
Kalbyma sadalyk tohumyn sepjek.

Öz bolşuňy duýup ýaşasaň gowy,
Başarmajak wadalarym berjek däl.
Bolsamam kakamyň ejizlän ogly,
Hergiz kynçylyga boýun burjak däl.

Boş-boş gürlemäni endik etmedim,
Ýorganyma görä aýak uzatjak.
Ýaşajak däl hyýallara aldanyp
Hem başarsam ýalňyşlarym düzetjek.
37
337
Myhman Myhman
28 Aprel 2020
???
Paradise
27 Aprel 2020
Howa dogry aýtýañyz gynansakda arasynda gepe düşünmeýanlerem barda durmuşda
gulshatayewa97
27 Aprel 2020
Ýan berjekdäl ejizlige başarsam...
barlagcy
27 Aprel 2020
Bos bos gurlemani endik etmedim yorganyma gora ayaknuzatjak

Gowy nusgalyk hasiyet allajan hemme ynsana so hasiyeti ecilse yada so hasiyet yetik adamlardan bur azajyk alyp seyle adamlaryn bir nacesine paylasan durmus gor nahili gozel we ajayyp bolardy yasalan omur manyly yasalardy arman arman ......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.