PLANETA
01.09.2024 03:31
" Saglyk bolsun "

Gowa däl, gören-eşideniñ,
Azdyrmasyn, gowylyk bolsun.
Bu dünýäde, bar zat ýalan,
Ilki bilen, saglyk bolsun.

Bar baýlygyň maşgalaňdyr,
Nesliň uzap, çowluk bolsun.
Süýji jan, pula tapdyrmaz,
Ilki bilen, saglyk bolsun.

Unutmalyň, dünýäň soňun,
Ýagşylygymyz endik bolsun.
Kirli puldan, oýun bolmaz,
Ilki bilen, saglyk bolsun.

Saglyk özün, pula satmaz,
Näçe baýlyk, beglik bolsun.
Süýnüp ýatsaň soran bolmaz,
Ilki bilen saglyk bolsun.
8
37
PLANETA
25.07.2024 13:48
" Dert aýdylmaz adama "


Öz derdiňi ile paýlap,
Biderek ýere ýadama.
Seň kalbyňa sygmadyk dert,
Gerek däldir hiç adama.

Ejiz ýeriň gürrüň berseň,
Duşman eşder, depip geçer.
Gizläp bilmeseň ýaraňy,
Üstünden duz sepip geçer.

" Syrym gizle " diýme ile,
Syr bilen gep başgarakdyr.
Iküç kişiň bilýän zady,
Eýýam syrdan başga zatdyr.

Herkim syryn gizläp bilse,
Şol ullakan peýdamyzdyr.
Ýeňlär diýip paýlan derdiň,
Ynan dostum peýdasyzdyr.

Bir gün özgden eşdersiň,
Awundurjak ähli derdiň.
Siz awunmaň diýip menem,
Bilýän zadym aýdyp berdim.


Durdygylyç Ýarjanow
6
23
PLANETA
19.06.2024 15:36
" Çagalyk döwrüm "

Sadalyk döwrüdi çagalyk döwrüm,
Gaýtaryp bolmazmy ol geçen ömrüm?,
Ulalmak islärdi şol wagt göwnüm,
Alada - hasradyň bardygyn bilmän.

Dünýäň hysyrdysyn bir ýana zyňyp,
Köçede aşşygym sürten döwürlem,
Mekdepden berlen ýumuşy dynyp,
Garaňky düşýänçä oýnan döwürlem.

Özümden ulynyň edenin edip,
Çaltjak ulalmaga howlugan döwrüm,
Agamdan galanja eşigi geýip,
Eşigiň bahasyny bilmedik döwrüm.

Pasyla görädi oýunlaň bary,
Bilmezdik sowugy, aýazy, gary,
Öýe barsaň tozan endamyň ýary,
Sähel ýuwunypjyk ýatan döwürlem.

Ýandak basyp ýatan oba meýdanyn,
Arrasalap oýnardyk biz futboly,
Kimsi hem oýnaýar, hem bakýa malyn,
Gygyryşyp salynsa dawaly g:oly.

Bar aladaň gaýgyň oýunda utmak,
Ýa täzeje tigir, pökgi alynmak,
Ejemiň-kakamyň gazanşyn bilmän,
Biderek zatlara pul sowan döwrüm.
13
47
PLANETA
17.06.2024 15:29
" Ejeň garaşýar... "

Ýaşarsyň kä ýeňip, käte ýykylyp,
Ömür bar ýerinde hökman göreş bar.
Bir zady duý, basan çagy ýekelik,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Ejesiz öýlerde mähir göýdüger,
Bir ýylgyryşy bilen ömri söýdürer.
Belkide duýdurmaz, belki duýdurar,
Ejeň elmydama saňa garaşýar

Käbäň barmy, sende dünýäň genji bar,
Hoş söze keýp edip, göwnüň eljirär.
Nurly gözün dikip gapa, penjirä,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Görmäge gel, unudyp ara daşlygyn,
" Ejem... " diýseň rugsat berer başlygyň.
Körpemiň, juwanmyň ýa çal saçlymyň,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Alyp bolmaz onuň dogasyn töläp,
Gürleş, kalbyň sesin diliňde eläp.
Bişiren duzuna " Bismilla " diläp,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Belki ikilikdir ilden bahalaň,
Ýazgarýarka, bütin älem-jahanam.
Senden hemme kişi ýadan mahalam,
Öýe gyssan dostum, ejeň garaşýar.
18
42
PLANETA
02.06.2024 14:50
" Arman "

Jyda düşdüm barlygymdan bagtymdan
Düşünmedim aýralygyň sebäbin.
Ýanyp galdym ýylgyrmaly wagtymda,
Arman boldy ak bagtyma deňänim.

Dertdeş tapman aýa aýtdym arzymy,
Ol halyma dözmän siňdi buluda.
Indi didelerim ýylgyrarmykan,
Bu ýüregim seni haçan unudar.

Nur çaýmajak bolsaň ykbalyma,
Neçüýn meni arzuwlarda ýaşatdyň?
Ilki bagtdan gülen bolsa gözlerim
Soňra ony hasrat bilen ýaşartdyň.

Kalbym umytlary sönen bolsa-da
Ýyllar boýy ýörün saňa garaşyp.
Janym meni dertler içre goýdyňda
Özge bir ojaga boldyň ýaraşyk.

Duýmandyryn bir gün goýup gitjegiň,
Düşünmedim aýralygyň sebäbin.
Aldanypdyr boş hyýala ýüregim,
Arman eken ak bagtyma deňänim...


Söhbet Orazmuhammedow
14
213
PLANETA
31.05.2024 18:14
" Ýadadym "

Saýgarmak kyn boldy pesi belendi,
Ýagşylygy bilmez ynsan köpeldi,
Kimiň kimdigini bilemok indi,
Gadyr bilmez adamlardan ýadadym.

Işi bitse saňa gowy diýerler,
Pulyň bolsa seni jandan söýerler,
Peýdaň ýokmy, gatnaşygy goýarlar,
Iki ýüzli adamlardan ýadadym.

Dost diýeniň duşman çykýa ortada,
Duşman diýsem dostumdyr ol ertede,
Çaşdy huşum, hiç bilmedim erk ede,
Dost sypatly adamlardan ýadadym.

Kim gowy, kim erbet bilip bolmady,
Meniň bu zatlardan ýüzüm gülmedi,
Bu dünýäde kimse ynam galmady,
Ýalan gepden, ýalan sözden ýadadym.

Ýadadym durmuşda dert baryn çekip,
Bilmedim içimden derdimi döküp,
Sabr bilen her gün ýollara bakyp,
Garaşmakdan, göreşmekden ýadadym.
8
23
PLANETA
28.05.2024 01:03
" Bagta barýan ýolagçy "

Atlanyp arzuw atyma,
Ýolagçy men bagta barýan.
Göwnüm deý açyk ýollarym
Kalpda şatlyk edýär seýran.

Şatlyk bagtymyň ilçisi,
Gaýga ýüz bermerin ýene.
Göwünlik berip göwnüme,
Gezipdirin ýöne ýere.

Şaýolunda arzuwlarmyň,
Duralga dikdim sabrymdan.
Ulaglardyr umytlarym,
Ýeti:r ýeňişe tiz salymdan.

Ynam arzuwmyň esgeri,
Ynan, bagta badalga ol.
Görüp ýollaryň öwrümin,
Gerek öňe bat almagam.

Ýeňişleň ýorgudy yhlas -
Dagdan agyr, ýelden ýeňil.
Arzuwly çykdyňmy ýola,
Ne-hä ýada, ne-de ýeňil.

Wada berdim arzuwlaryma,
Göreşerin soňuna çen.
Atlanyp arzuw atyma,
Bagt ýolunda ýolagçy men.


Nury Sakçyýew
19
103
PLANETA
26.05.2024 17:46
" Durmuşa syn "

Bu durmuş däldir ejeň,
Gözle kynçylykda tär.
Eliň tutmakdan geçen,
Ýykylsaň, güljekler kän.

Daşdan gatydyr başyň,
Ejizligi elän - är.
Çeýnäp otyran aşyň,
Agzyňdan aljaklar kän.

" Yşk " boldumy güýmenje,
Hem wagt geçirmäge kär.
" Men ýaryň! " diýip gülenje,
Ýasama gurjaklar kän.

Ýalan - ýarany ogryň,
Ýaman niýetlerden dän.
Indi sözleseň dogryň,
Depäňden urjaklar kän.

Bezese, hoş gylygyň,
Ynsan bary ýaman däl.
Müň şükür, ýagşylygyň
ýolunda durjaklar kän.
15
92
PLANETA
23.05.2024 11:32
" Durmuş "

O:tdan sowuk, buzdan ýyly
Bu durmuşyň synag ýoly.
Dünýe kiçi çagajyk däl,
Aldasaň ynanar ýaly.

Bihuda geçirlen ömür,
Göýäki görünmez ümür.
Ömri bezär ýagşylyklar,
Sen bu hakda pikir öwür.

Soňy bardyr goja ýerleň,
Ömür ýaşamaga berlen.
Yzyňdan gep urjaklar kän,
It üýrse-de, geçer kerwen.

Ýazgydymdan çykabilmen,
Yşka gaşym çytabilmen,
Gadyr bilmez biweç bilen,
Ykbalymy çatabilmen.

Kän durmuşyň ýaranlary,
Dünýäniň wadasy hany?!
Hakykat gaýduwsyz, mertdir
Ýeňer ähli ýalanlary.

Dünýe bakylyga geda,
Umytdan bolmaýyn jyda,
Durmuş - täze gelen gelin,
Ýeňňesi kän eken juda!
7
22
PLANETA
22.05.2024 11:01
" Durmuşyň her güni, bize bir synag "


Bilgin wagtlaýyn dünýä geleniň,
Yatda sakla, sen her günki göreniň,
Seljerip aýt, aýtýan her bir sözleriň,
Durmuşyň her güni, bize bir synag.

Bu gün diri, erte nähili bileňok,
Belki şu gün görseň, erte göreňok,
Durmuş uzak bir ýol, hiç gutaranok,
Durmuşyň her güni, bize bir synag.

Syla sen her kimi, ol entak barka,
Sylaşyk gelýändir, arkama-arka,
Agyr günler seni gynaýan bolsa,
Çyda oňa, oda saňa bir synag.

Ejizleme, her zada çydamly bol,
Özüň kömek etde, ilden kömek al,
Ile gerek, sylaşykly adam bol,
Durmuşyň her güni, bize bir synag.
9
47