PLANETA
01.09.2024 03:31
" Saglyk bolsun "

Gowa däl, gören-eşideniñ,
Azdyrmasyn, gowylyk bolsun.
Bu dünýäde, bar zat ýalan,
Ilki bilen, saglyk bolsun.

Bar baýlygyň maşgalaňdyr,
Nesliň uzap, çowluk bolsun.
Süýji jan, pula tapdyrmaz,
Ilki bilen, saglyk bolsun.

Unutmalyň, dünýäň soňun,
Ýagşylygymyz endik bolsun.
Kirli puldan, oýun bolmaz,
Ilki bilen, saglyk bolsun.

Saglyk özün, pula satmaz,
Näçe baýlyk, beglik bolsun.
Süýnüp ýatsaň soran bolmaz,
Ilki bilen saglyk bolsun.
8
30
PLANETA
3 Sentýabr 2024
@flowers_, anyklap soň jogap ýazaryn
flowers_
1 Sentýabr 2024
Gadryny barka bilinmeýan zat)
Awtory?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.