PLANETA
19.06.2024 15:36
" Çagalyk döwrüm "

Sadalyk döwrüdi çagalyk döwrüm,
Gaýtaryp bolmazmy ol geçen ömrüm?,
Ulalmak islärdi şol wagt göwnüm,
Alada - hasradyň bardygyn bilmän.

Dünýäň hysyrdysyn bir ýana zyňyp,
Köçede aşşygym sürten döwürlem,
Mekdepden berlen ýumuşy dynyp,
Garaňky düşýänçä oýnan döwürlem.

Özümden ulynyň edenin edip,
Çaltjak ulalmaga howlugan döwrüm,
Agamdan galanja eşigi geýip,
Eşigiň bahasyny bilmedik döwrüm.

Pasyla görädi oýunlaň bary,
Bilmezdik sowugy, aýazy, gary,
Öýe barsaň tozan endamyň ýary,
Sähel ýuwunypjyk ýatan döwürlem.

Ýandak basyp ýatan oba meýdanyn,
Arrasalap oýnardyk biz futboly,
Kimsi hem oýnaýar, hem bakýa malyn,
Gygyryşyp salynsa dawaly g:oly.

Bar aladaň gaýgyň oýunda utmak,
Ýa täzeje tigir, pökgi alynmak,
Ejemiň-kakamyň gazanşyn bilmän,
Biderek zatlara pul sowan döwrüm.
13
47
PLANETA
21 Iýun 2024
@3096, Proga girenimden bäri diňe goşgy post goýýan. Postlaryňda arasynda 5 6 sy gowy halandy diýmeseňiz, beýleki postlara üns hem berilmedik ýaly. Hamala adamlara goşgy gerek däl ýaly ýada indi adamlar üçin goşgynyň gyzygy gaçan ýaly
PLANETA
21 Iýun 2024
@3096, gowy we manyly bolanynyň nämä peýdasy baraý, barybir posty görýän az, halaýan ondanam az. Düşünemok men goşgy postuň nämesi erbetka beýle
3096
20 Iýun 2024
Goui goshgy manyly hakyky ....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.