PLANETA
25.07.2024 13:48
" Dert aýdylmaz adama "


Öz derdiňi ile paýlap,
Biderek ýere ýadama.
Seň kalbyňa sygmadyk dert,
Gerek däldir hiç adama.

Ejiz ýeriň gürrüň berseň,
Duşman eşder, depip geçer.
Gizläp bilmeseň ýaraňy,
Üstünden duz sepip geçer.

" Syrym gizle " diýme ile,
Syr bilen gep başgarakdyr.
Iküç kişiň bilýän zady,
Eýýam syrdan başga zatdyr.

Herkim syryn gizläp bilse,
Şol ullakan peýdamyzdyr.
Ýeňlär diýip paýlan derdiň,
Ynan dostum peýdasyzdyr.

Bir gün özgden eşdersiň,
Awundurjak ähli derdiň.
Siz awunmaň diýip menem,
Bilýän zadym aýdyp berdim.


Durdygylyç Ýarjanow
6
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.