PLANETA
26.05.2024 17:46
" Durmuşa syn "

Bu durmuş däldir ejeň,
Gözle kynçylykda tär.
Eliň tutmakdan geçen,
Ýykylsaň, güljekler kän.

Daşdan gatydyr başyň,
Ejizligi elän - är.
Çeýnäp otyran aşyň,
Agzyňdan aljaklar kän.

" Yşk " boldumy güýmenje,
Hem wagt geçirmäge kär.
" Men ýaryň! " diýip gülenje,
Ýasama gurjaklar kän.

Ýalan - ýarany ogryň,
Ýaman niýetlerden dän.
Indi sözleseň dogryň,
Depäňden urjaklar kän.

Bezese, hoş gylygyň,
Ynsan bary ýaman däl.
Müň şükür, ýagşylygyň
ýolunda durjaklar kän.
15
92
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, bolýa, men geljek häzir. Ýatyp galmasaň ýazaryn
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, beýle surat goýma Aýlar oňarsaň
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, Aýlar meni bilýäňä. Halamok munyň ýaly suratlary. Onsaňam elbetde gowy däl. Özüňem seredä bir
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, bolýa bolýa, sen isleýän bolsaň onda elimden geldiginden tizara gowy boljak bolaryn
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, bu profiliňe goýan suratyň näme indi Aýlar.
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, bor, bolýa. Senem meniň gowy bolmagymy isleýäňmi?
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, ehh Aýlar men gowy boljak bol häli bäri bilmedimde dogryma aýtsam. Ýöne alada etme sen men elbetde bir gün gowy bolarynla
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, elmydama gowy bol Aýlar
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, sen gowymy esasy
PLANETA
8 Iýun 2024
@sadajaaa_, Salam Salam. Gelen ýagşy gel. Aý meňki şol boluşda boljak özä bir mydar 😔😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.