PLANETA
02.06.2024 14:50
" Arman "

Jyda düşdüm barlygymdan bagtymdan
Düşünmedim aýralygyň sebäbin.
Ýanyp galdym ýylgyrmaly wagtymda,
Arman boldy ak bagtyma deňänim.

Dertdeş tapman aýa aýtdym arzymy,
Ol halyma dözmän siňdi buluda.
Indi didelerim ýylgyrarmykan,
Bu ýüregim seni haçan unudar.

Nur çaýmajak bolsaň ykbalyma,
Neçüýn meni arzuwlarda ýaşatdyň?
Ilki bagtdan gülen bolsa gözlerim
Soňra ony hasrat bilen ýaşartdyň.

Kalbym umytlary sönen bolsa-da
Ýyllar boýy ýörün saňa garaşyp.
Janym meni dertler içre goýdyňda
Özge bir ojaga boldyň ýaraşyk.

Duýmandyryn bir gün goýup gitjegiň,
Düşünmedim aýralygyň sebäbin.
Aldanypdyr boş hyýala ýüregim,
Arman eken ak bagtyma deňänim...


Söhbet Orazmuhammedow
14
213
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.