PLANETA
17.06.2024 15:29
" Ejeň garaşýar... "

Ýaşarsyň kä ýeňip, käte ýykylyp,
Ömür bar ýerinde hökman göreş bar.
Bir zady duý, basan çagy ýekelik,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Ejesiz öýlerde mähir göýdüger,
Bir ýylgyryşy bilen ömri söýdürer.
Belkide duýdurmaz, belki duýdurar,
Ejeň elmydama saňa garaşýar

Käbäň barmy, sende dünýäň genji bar,
Hoş söze keýp edip, göwnüň eljirär.
Nurly gözün dikip gapa, penjirä,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Görmäge gel, unudyp ara daşlygyn,
" Ejem... " diýseň rugsat berer başlygyň.
Körpemiň, juwanmyň ýa çal saçlymyň,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Alyp bolmaz onuň dogasyn töläp,
Gürleş, kalbyň sesin diliňde eläp.
Bişiren duzuna " Bismilla " diläp,
Ejeň elmydama saňa garaşýar.

Belki ikilikdir ilden bahalaň,
Ýazgarýarka, bütin älem-jahanam.
Senden hemme kişi ýadan mahalam,
Öýe gyssan dostum, ejeň garaşýar.
18
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.