UMYT Durmuş alawynda köýen kalbymyñ, Kiçijik ýagtylyk ýagtyltdy için. Belki bu ynamy Alla ýollady, Meni ýykylamda galdyrmak üçin. Ýagty umytlarym betbagtlygmyñ, Batgasyndan çekip aldy dessine.
Sag bol gündiz, Ýene gijä ýer berdiñ, Ýene parlap dogdy eziz ýyldyrym. Aýyñ gyzgylt ýañagyny ýassanan Ömürleriñ ölçeginde ýyldyrym. Onuñ gujagynda mahmal ýumşaklyk, Yhlasyndan bagtly etdi gör, kimi.
Gözlerde uçgun ýok, kellede göçgün, Hyýalbent arzuwlar uçup gidipdir. Eýýäm mekan eýläp baky dünýäni, Deñ-duşlañ käbiri göçüp gidipdir. Illeñ göçüp giden taşlandy ýurdun, Baky durjak ornummyka
AHWAL Men juda kän ýyly taşladym arka, Mydar edip gezdim aýdymlar bilen. Mynasyp bolamsoň azajyk sarpa, Öwrenşip ugradym adamlar bilen. Soňam il bolmaga ýüwürdip göwün, Diýemde: "Ýel bolman,
GIJE GÖZELLIGI Aý-aýdyňdy. Asman syryp öýmesin, Daranýardy mele saçlarnyň taryn. Ýalkymy Zemine nur berýän Aýyň, Jemaly aňk edýär barlygyň baryn. Asman agraslygyn unudyp, görkün Güjeňleýär Zemin
Ýagyş ýagdy, için tutup, elenip, Aglap ýagdy düýp-teýkarsyz gök asman. Hile ýokdy hyýalynda, küýünde, Ýagýardy bu serhoş Zemine - lukman. Şeýle bir ýagýardy, ýazyñ bir güni Bütin ýyla ýetjek şygyra