Guljeren
18.03.2022 18:30
AHWAL

Men juda kän ýyly taşladym arka,
Mydar edip gezdim aýdymlar bilen.
Mynasyp bolamsoň azajyk sarpa,
Öwrenşip ugradym adamlar bilen.

Soňam il bolmaga ýüwürdip göwün,
Diýemde: "Ýel bolman, watanly bolsam..."
Damakda durdy-da kiçijek düwün...
Eden hyýallamdan utandym onsoň.

Gaýtadan dogsamdym, ätmerin galp...
(Ine, bir maksad-a häzirden belli)
Bu gün "Wyždan" atly kätmenim alyp,
Düýnümi şeýle bir päkläsim geldi...
20
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.