Guljeren
22.03.2022 00:55
Gözlerde uçgun ýok, kellede göçgün,
Hyýalbent arzuwlar uçup gidipdir.
Eýýäm mekan eýläp baky dünýäni,
Deñ-duşlañ käbiri göçüp gidipdir.

Illeñ göçüp giden taşlandy ýurdun,
Baky durjak ornummyka öýderdim.
Akyl hasylynyñ toýuny toýlap,
Hoşasyny ordummykam öýderdim.

Öýdenlerim,özüm hakda pelsepäm,
,,Bir bar eken''bilen ,,Bir ýok eken''-li.
Çagalykda kän diñlenen ertekiñ,
Başlanşynyñ juda dogry ekenni.

Bilip galdym,ýaşym kyrky sermände.
Sergezdan deý,barlyk bilen ýoklugyñ,
Arasynda selpàp geçen ömürleñ,
Ertekiçe manysynyñ ýokdugyn.

Yzyñda ertekä çalymdaş many,
Galdyrmak örän kyn, kyn zat eken-ä.
,,Bir bar eken'' bilen başlanan ömrüñ,
Bir demde ýetmänkä ,,Bir ýok eken''-e.
31
91
Myhman Myhman
22 Mart 2022
Örän oñat gosgy 👍🏻👍🏻👍🏻
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
22 Mart 2022
😊😇👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.