Guljeren
24.03.2022 23:36
Sag bol gündiz,
Ýene gijä ýer berdiñ,
Ýene parlap dogdy eziz ýyldyrym.
Aýyñ gyzgylt ýañagyny ýassanan
Ömürleriñ ölçeginde ýyldyrym.

Onuñ gujagynda mahmal ýumşaklyk,
Yhlasyndan bagtly etdi gör, kimi.
Akmaýanyñ ak ýolundan barýaryn,
Ýelmaýama ganat edip täk tümi.

Ümsümlik.
Dogulýar kümüş damjalar,
Pyşyrdap gül açýar ýaşylja peçek.
Gögüñ ýüreginde yşkyñ hudaýy,
Zemine sallady mähirden seçek.

Bir ýyldyz çalaja ogşady meni,
Bu erteki däl ýa-da bir hyýal.
Mende bir söýgi bar göge ýetiren,
Bir Hudaýa, birem kalbyma aýan.

Zemine çagyryp dolandy säher,
Bir ýumşak ýorgany ýazypdyr gündiz
Men uklamak üçin ýassygy aldym,
Düşegmiñ çetinde otyrdy ýyldyz...
23
46
ylham_1989
24 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
24 Mart 2022
🌙🌙🌙🌙🌙
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.