Guljeren
20.03.2022 18:49
Ýüregiňizi diňläň!
Baryn huzuryna päklenip kemsiz.
Uzyn gijelerde galyň ikiçäk
Darkaşyndan başly-barat duýgylaň
Ýürek size sypalgadyr ýeke-täk
Ýürek, Haka çykalgadyr ýeke-täk.

Ähli hossarlardan, dosty-ýarladan,
Golaýdyr ol, iňňän golaýdyr size
Öwrüm-öwrüw, aýlaw-aýlaw ýollaryň,
Haýsysynyň nirden çykarjagyny
Şol aýdar size.

Şol aýdar müşkülleň asan çözgüdin
Şol aýdar-
Şoňkudan özge ýalandyr.
Alla owal-başdan ynsan ogluny
Ýere gönderende nurundan ýasap,
Dolap ýürek atly düwünçegine
Özündenem birje bölek salandyr-
Ýürekde bolýandyr iň uly hasap.

Iň owadan ýazlar ýürege gelýär,
Iň ýowuz kyýamat gopýar yürekde.
Ol ymgyr ummanda ýalňyz gämidir,
Jan-jedel bol - yhlas bilen kürekle.

Ýürek tämiz bolsa ýollar tämizdir,
Ol çäji, harplykdan saýlap durandyr.
Diňe gül bedeniň gülgün ganyn däl,
Ykballaryň kültem-kültem yollaryn
Öz-özünde sazlap aýlap durýandyr.

Ýüregiňizi diňlän!
Ýürek-öz dünýäňe ýalňyz gapyňdyr.
Ýüregiňizi diňlän! Syrdaşdyr size,
Size sizden ýakyndyr!!!





26
85
Jerençaryyewa
20 Mart 2022
👍👍👍👍👍

👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.