Guljeren
27.03.2022 15:22
Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.

Biz ýüzümizi suw ýaly ulagymyzyň lowurdysynda däl, aňrybaş öýümiziň kaşaň penjiresinde däl, wyždanymyzyň tozan basyp giden aýnasynda synlamagy başaraýsak...

Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.

Dost adamyň kölegesidir diýýäris. Kölege bolsa, esasan, jyzrama, jokrama yssyda belli bolýar. Dostuň gymmaty hem ýalynly, kynçylykly günlerde belli.

Gargyş «gar, gyş» diýmekdir. Oňa ýanaşsaň, ömrüňi doňdurar.

Adamlar maňa elipbiýiň harplaryny ýatladýar. Olar ýeke özlüginde hiç zat. Emma birigip, gowy zatlary-da, erbet zatlary-da döredip bilýärler.

Hasaply ömür – hasapsyz bagt (elbetde, düşünen üçin).

Şatlyk bilen «kowalaşdym», gussalar bilen «bukuldym» oýnap ýörşümize wagtyň nädip geçýänini-de bilemzok.

Ykbal bir gapysyny ýapsa, müň gapyny açýar, Hudaýa şükür. Ýöne käte açylan şol müň gapynyň ýapylan bir gapynyň öwezini dolup bilmeýän wagtlary-da bolýar-da. Şoňa haýp...

Iň bärkisi, çäýnegiň gapagynyň sypmazlygy üçin hem ony sapajyk, alajajyk bilen berkidýändirler. Adamyň «gapagyny» - kellesini berkitmek üçin bolsa, akyl, düşünje, ynam sapagy gerek...

Owadan zatlara aldanmaň. Iň bir aýylganç zatlar hem ýüzüne bagtyň, owadanlygyň perdesini tutup, gelip ilýändir. Muňa mysal edip, öwgüleri, ýakymly, ýöne soňy boş wadalary agzap bileris.

Iň bärkisi, bir-iki duralga üçin awtobusa münüp-düşeniňde-de, ýol hakyňy tölemäge, hasaplaşmaga mejbursyň. Bu uly ümmülmez, owadan dünýäniň taýsyz nygmatlaryny saga-sola sowrup, iň soňunda Haka hasap bermelidigiňi unutmak asla mümkin däl...

Diňe ýaşamaga däl, öläýmäge-de gaýrat gerek.

Iň bärkisi, «Şu-ýä ýumşajyk zat» diýip, gary hem depeläberseň, ol hemmäni taýdyryp duran typanjaga öwrülýändir. Göwün hem şonuň ýaly, ony ynjydyberseň, soňabaka ol ýumşaklygyny ýitirip, ajysyny pürkmäge başlaýar.

AT. Bu sözi pygly düzüwler-ä behişti bedew manysynda okar. Atarman-çaparmanlaryň bolsa, kimdir birini atmalydyr öýdüp, ýaraga ýapyşaýmagy biçem däl. Bu söze nämedir bir zadyň ady hökmünde garajaklaram bardyr. Durmuş hem şol söze meňzeş. Oňa nähili düşünje, nähili päl bilen garasaň. Ol şoňa görä...

Pişik ete agzynyň ýetmejegini bilse, oňa «porsy» diýip, guýrugyny bulap gidýärmiş. Durmuşda özüniň arzuw edip ýetibilmän ýören zadyny başga kişide görende, «maňa-da hudaý ýetirsin» diýmäge derek, oňa göwniýetmezçilik bilen garaýan adamlar bilen şol pişigiň arasynda bir baglanyşyk bar ýalymy?!

Ezizlerim, sizi dünýä meňzedesim gelýär. Ýöne dünýäniňem mähriň, göwnüň nämedigini bilmeýän, ýowuz daraýan darkaşlary, hile-aly kän-ä. Sizde welin beýle-beýle zatlar asla ýok, siz – mähir, siz – mähribanlyk. Siz meniň üçin zerur bolan hemme zat...
22
77
ylham_gurbanaly
28 Mart 2022
Sagbol paýlaşanyňa!
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻
gena_02
27 Mart 2022
Bu bir hazyna
ylham_1989
27 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍
Guljeren
27 Mart 2022
Kitapda duş gelyan manyly setirleri bellap alma hasiyetim bar. Umyt etmekden daslaşan mahalym täzeden galkynmaga komek beryar....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.