Gülhan
Gülhan
27.04.2022 07:43
Eğer bir gün meni görmek isleseň, Elimi goyberen ýeriňden agtar.. Gözümden damjalan ýaşlarym syryp, Gujagyňa basan ýeriňden agtar.. Oýtum-oýtum bolup ýatan ýodalar, Her çukura gaçanymda o:t alar..
Gülhan
15.04.2022 13:41
Wadalaşan ýerimizde duşuşdyk, wadalaşan wagtymyzda däl. Men ýigrimi ýyl ir gelip saña garaşdym, sen ýigrimi ýyl giç geldiñ. Men saña garaşmakdan ýaña garrap gitdim, sen bolsa garaşdyranyñ üçin juwanlygyña galdyñ...
....😐
11
149
Gülhan
Gülhan
13.04.2022 15:05
Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar, Ýekesiräp tukat otyr gijelem. Ýok, oýlama öler diýip umydym, Ol ölse-de, ýüregimden giç öler. Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar, Sensiz dilim kynlyk bilen saýraýar.
Gülhan
Gülhan
10.04.2022 22:10
GEÇMIŞ, HAÝYŞ... Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr, Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme. Meň geljege örän gidesim gelýär, Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme. Sahypasy täzelensin ömrümiň, Kir-kimirden, goý,
Gülhan
09.04.2022 13:51
ÇYKÝAN GYZYŇ İÇGEPLETMESİ :(

Synlap duryn önüp-ösen obamy,
Gör nähili agyr aýrylmak ondan.
"GYZYM" diýip her ädimde guwanan,
Ejemjan men neneň giderin senden ?..

Öwüt berip, başym sypan kakamjan,
Men mydama seň ýoluňy gözlärin,
Gorkma kaka, gyzyň hijem ýykylmaz,
Ağlasamam, göz ýaşymy gizlärin..

Bileje ulaldyk mähriban jigim!
Sen meň durmuşymda mydam birinji!
Gözläp dursaň, halym sorasaň günde,
Uýaň gözlerinde görmersiň ünji!

Entek-entek çykmagyma wagt Barka,
Gözýaşa başlady körpeje jigim.
"İndi kimiň gujagynda uklaýyn?"
Diýen wagtyň gördüm, ullakan söýgiň!

Otursyňyz gözüňize ýaş aýlap,
Men biçäre nädip gitmeli onsaň ?
İň bolmanda öwütlerňi gysganma,
Dünýämem daralýar, ejemjan dymsaň..

Siz diýdiňiz, men oňladym bu işi,
Aýdan sözüňize çykmadym garşy,
İndi näme ýüzüňizi asýaňyz,
Bolan ýaly "Watançylyk söweşi"..

Gidip barýan önüp-ösen obamdan,
Soň habaram bolmazla ýakyn joramdan,
Peýdasam degmezle birek-birege,
Aýda-ýylda birje gezek soraňdan..

Göwnüňize değen bolsam bagyşlaň,
Hem unutmaň meniň entek barlygmy!
Käbäm ejem günde ýatlat kakama,
Onuň diňe salamyna zarlygmy...!(
16
137
Gülhan
Gülhan
09.04.2022 00:28
ÖLMÄGE İR ÝALY, ÝAŞAMAGA GİÇ. Gussa bilen şatlyk ikisi bir deň, Ýürek gursagymda ýatyr lapykeç. Gözüm ýumup, ýeriň ýüzünden merdem, Gitmäge ir ýaly, galmaga-da giç.. Geljegiň gözünden ýitäýdim
Gülhan
Gülhan
08.04.2022 07:43
Söýeniň elinden ebedi tutup, Ýagşy güne şükür, ýamana şeker. Gaty uzakk ýyllaň menzilin ötüp, Garrylyk üstüňe guýanda pikir, Gara saç çalarsa ýaşyňa ýetip,, Ýygyrtlar ornaşsa, yüzüňde çukur,
Gülhan
Gülhan
07.04.2022 01:39
“Мы в жизни любим только раз, а после ищем лишь похожих” С.Есенин Pessaýja hiňlenip aýdym aýdardyň, Sesiňi çykarman diňlärdiň şygyr. Şol ýuwaşja aýdan aýdymlaryňam, Saňa goşgy diýip aýdanlarymam
Gülhan
06.04.2022 00:25
Danadan "Gahar näme?" diýip sorapdyrlar.

"Gahar - başgalarnyň ýalňyşy üçin Özümize berýän jezamyzdyr" diýip jogap beripdir.
22
180
Gülhan
Gülhan
05.04.2022 14:38
Asman ýaly arassadyň, sadadyň, Durmuşymyň güneşidiň — odudyň, Men çalajan umytlardan ýadadym Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Gursagymda agyry bar, agy bar, Setirlermiň nalasy bar, ahy bar, Şo-ol