Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar,
Ýekesiräp tukat otyr gijelem.
Ýok, oýlama öler diýip umydym,
Ol ölse-de, ýüregimden giç öler.
Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar,
Sensiz dilim kynlyk bilen saýraýar.
Gyzgyn söýgim birikdirer, ynanýan,
Bolubersin ýollarymyz aýry, ýar!
Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar,
Sensiz bulut göç eýlänok kalbymdan.
Seni ençe ýerden gözläp ýörün men:
Şäherlerden,
säherlerden,
salgymdan.
Hyýallarym tapdy seni bireýýäm,
Senli dünýäm jennet bolup öwüsýär...
Wah, basymrak geläýsedi şo günler,
Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar.
Sapa Hommadow