Gülhan
10.04.2022 22:10
GEÇMIŞ, HAÝYŞ...

Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr,
Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme.

Sahypasy täzelensin ömrümiň,
Kir-kimirden, goý, päklensin kalbymam.
Günler, süpür ajy ýatlamalary,
Ine, ýanan ýürek seňki! — Al munam!

Hawa, ýürek ýanan...
Häli-häzirem
Gözümi ýaşardýar hijran yzasy.
Söýenligim üçin jebir çekdim men,
Söýgim üçin berdi ykbal jezasyn.

Aýralyga çenli çydady ýürek,
A soň...
Soňam çydaberdi (neýlesin?!)
Ýöne bir gün güýz ýeline ykjadyp
Başyndaky täp-täzeje öýmesin,
Täze gelin sataşanda pete-pet,
Doňup galdy...
Soň uwlady ses edip...
Hatda, şol gün Günem, ýelem aglady,
Ýüregimiň ejirine esedip...

Her güýz gelip, köne ýaram gozgaýar,
Ýakan melek gelip girýär aklyma.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk saklama.

Sapa Hommadow
13
157
Gülhan
10 Aprel 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, Akyş Saparow cyn söýgi 🎶
Gülhan
10 Aprel 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, buwagt garyşyk duygulan arasynda azaşyp yörn.
Gülhan
10 Aprel 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, nam üçn?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.