Gülhan
09.04.2022 13:51
ÇYKÝAN GYZYŇ İÇGEPLETMESİ :(

Synlap duryn önüp-ösen obamy,
Gör nähili agyr aýrylmak ondan.
"GYZYM" diýip her ädimde guwanan,
Ejemjan men neneň giderin senden ?..

Öwüt berip, başym sypan kakamjan,
Men mydama seň ýoluňy gözlärin,
Gorkma kaka, gyzyň hijem ýykylmaz,
Ağlasamam, göz ýaşymy gizlärin..

Bileje ulaldyk mähriban jigim!
Sen meň durmuşymda mydam birinji!
Gözläp dursaň, halym sorasaň günde,
Uýaň gözlerinde görmersiň ünji!

Entek-entek çykmagyma wagt Barka,
Gözýaşa başlady körpeje jigim.
"İndi kimiň gujagynda uklaýyn?"
Diýen wagtyň gördüm, ullakan söýgiň!

Otursyňyz gözüňize ýaş aýlap,
Men biçäre nädip gitmeli onsaň ?
İň bolmanda öwütlerňi gysganma,
Dünýämem daralýar, ejemjan dymsaň..

Siz diýdiňiz, men oňladym bu işi,
Aýdan sözüňize çykmadym garşy,
İndi näme ýüzüňizi asýaňyz,
Bolan ýaly "Watançylyk söweşi"..

Gidip barýan önüp-ösen obamdan,
Soň habaram bolmazla ýakyn joramdan,
Peýdasam degmezle birek-birege,
Aýda-ýylda birje gezek soraňdan..

Göwnüňize değen bolsam bagyşlaň,
Hem unutmaň meniň entek barlygmy!
Käbäm ejem günde ýatlat kakama,
Onuň diňe salamyna zarlygmy...!(
16
137
ŞirnazarTaganow
9 Aprel 2022
Takdyr bitigi...
Gülhan
9 Aprel 2022
Melikee, yadawla biraz Melike..(
Gülhan
9 Aprel 2022
Melikee, menem senin yaly
Lälijek
9 Aprel 2022
😢😢😭😭😢
melejik
9 Aprel 2022
👍👍👍👍👍😢😢😢
Aishaaa🌹
9 Aprel 2022
👏👏👏🥰🥰
halmyrat_gmail_com
9 Aprel 2022
Bay baaaaa gowy gosgy
Gülhan
9 Aprel 2022
Melikee, salam gezelencden gaytdynmy;)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.