ÖLMÄGE İR ÝALY, ÝAŞAMAGA GİÇ.
Gussa bilen şatlyk ikisi bir deň,
Ýürek gursagymda ýatyr lapykeç.
Gözüm ýumup, ýeriň ýüzünden merdem,
Gitmäge ir ýaly, galmaga-da giç..
Geljegiň gözünden ýitäýdim birden,
Onuň bilen uğrym deň düşenok hiç.
O dünýä ýönelip munyň deňinden,
Geçmäge ir ýaly, durmaga-da giç..
Setirlere basyp gelýän kem-kemden,
Olar artdygyça soňa ýakyn güýç.
Dolduryp öýkenim, Ömrümi demden,
Kesmäge ir ýaly, uzaltmana giç..
Gülmäne sebäp ýok, ağlara many,
Nämçün ýaradyldym düşünemok hiç.
Soraglary ýükläp pany dünýäni,
Ölmäge ir ýaly, ýaşamaga giç...
Nurana Arslanowa