Gülhan
07.04.2022 01:39
“Мы в жизни любим только раз, а после ищем лишь похожих” С.Есенин

Pessaýja hiňlenip aýdym aýdardyň,
Sesiňi çykarman diňlärdiň şygyr.
Şol ýuwaşja aýdan aýdymlaryňam,
Saňa goşgy diýip aýdanlarymam
Ýatlamak, ah, häzir şeýle bir agyr.

Ýatlamadan göwnüň gönenmeýänin
Bilsemem, ýürege ýetenok erkim.
Ýogsa, seniň aýdan aýdymlaryňy
aýdaram,
goşgymy diňlärem her kim.

Bagryň badaşanyň bagtyňy görmän,
Bagtyňa keýpine sogan dogrady.
Mamla ol, men seni ynjytdym ençe,
Ýöne kalpdan söýýänimem dogrudy...

Gün geçýär, ýaralar könelýär, derdem,
Göräýmäge, barýan ýaly ýeňleşip.
Şunça wagtda sataşmadyk bir gezek,
Ýa gözläp ýörmüsiň maňa meňzeşi?!

Sapa Hommadow
13
202
Gülhan
7 Aprel 2022
Köwser, 😊
ŞirnazarTaganow
7 Aprel 2022
Köwser,üstünlik arzuw edýän,ýagşylara bagt kyn we giç gelýär(gelende-de başgalar arzuw edýän derejede diýip pikir edýän!(elbetde sabyr bile,herekede bagly buda)
Gülhan
7 Aprel 2022
Köwser, teoriya in möhümidir. Okap polny gutaranson mesela geçmeli. Yogsam ilki mesele agyr geler.
ŞirnazarTaganow
7 Aprel 2022
Köwser,hakyky!-okaýanam welin,hiç beýnimiñ kellesi işlänokda!😄
Gülhan
7 Aprel 2022
Köwser, Öz dili bar şo yolundan yakynlaşp gör. Her kime başardanok düşünmek. Yöne islesen öwrenip bilersiň. Kyn düşünmeseň kyn.
Gülhan
7 Aprel 2022
Köwser, gaýdyp al😅. Mena halaýan ony;)
Gülhan
7 Aprel 2022
ShirnazarTaganow, onsyny menem bilyan) Köwser, garaz ondan gaçyş yok eken;)
Gülhan
7 Aprel 2022
Köwser, udaci😘 (yöne ondada himiya badyr bilýänsiň;)
gena_02
7 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
Gülhan
7 Aprel 2022
Köwser, nähili uytgedi haýsy uğra tabsyrjak
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.