Eğer bir gün meni görmek isleseň,
Elimi goyberen ýeriňden agtar..
Gözümden damjalan ýaşlarym syryp,
Gujagyňa basan ýeriňden agtar..
Oýtum-oýtum bolup ýatan ýodalar,
Her çukura gaçanymda o:t alar..
Senem yzlap ýanyp-geçip käteler,
Derdime şaýatly ýollardan agtar..
Öpesiň gelende gözüň mäkäm ýum,
Hyýalda golaýlaş söz sözleme dym,
Demiňe goşulsa bir enaýy dem,
Gözüň aç-da ýaňky hyýaldan agtar..
Gujaklasyň gelse meni tapmasaň,
Boýnuma sepilen ysy ýatlasaň,
Meni yzda goýup öňe ätleseň,
Ýanymda geçiren günleňden agtar..
Küýsäňde bar bolsa ýanyňda ýaryň,
Bas bagryňa söýüp saýlan dildaryň,
Öz dünýämi senden alyp gidýärin,
Bagtyňy indi şol Dildardan agtar..
Taparsyň üst-üste örülen kerpiç,
Taparsyň yöne gereginden giç,
Garaşyp-garaşyp sönüpmidiň hiç ?
Garaňky mazarlaň düýbünden agtar..
Eliň goýsaň üstüne mazar daşyň,
Dünýäden boş gitdim diýmen, gözýaşyň,
Damsa gursagyma, çytyp çal gaşyň,
Çagyr, gygyr, bagyr, yzyma gaýtar,
Başarmasaň meni ýoklukdan agtar..