Fleurr
Fleurr
20.07.2020 06:45
Şuny kim bilýä???
Fleurr
20.07.2020 06:43

0
179
Fleurr
01.07.2020 13:42
Sonky bolum

Wah olara habar berilmegine görä, şol güni Kyýaslarda hiçkim bolmaly däl ekeni. Nämemiş goňşy oba gelin bolup düşen uýasynyň ogly bolanmyş, olaram şony görmäge gidenmişler. Bu myş-myşlaryň anygyna ýetmän, gül ýaly ojagyň bagtyna zawun bolan ogrylar, elbetde tutulypdylar. Emma olaryň tutulany Kyýasyň ömrüni gaýtarar derejede gudrat däldi.
Jorasynyň gürrüňini eşiden Zerewşanyň aglap durşy, heýkeliň üstünden ýagyş ýagýana meňzeşdi. Bu zatlarda özüni günäkär saýýardy, düýşüniňem aýan bolanyna düşündi. Aglamagy birden kesip, şakyrdap, aýdanyny etmeýän elleri bilen ýatýan ýerini dörjeläp başlady, ahyry tapdy. Hawa şol ejesiniň sowgat eden sagadyny tapdy. Ýerde goýup üstünden ökjeli köwşi bilen bir basdy welin, sagat hut düýşündäki alan sowgadyna meňzedi duruberdi. Gaharyna eňekleri sandyraýardy. Sagady ýassygynyň üstünde goýup, soňky eden hereketi aýnany açmakdy. Nädip bökenini welin özem duýan däl bolsa gerek. Daşaryny ak dona büräp eýýäm sagatlar boýy ýagyp duran garam, “Üşeme gyzym! Üstüňe ýorgan bolaýyn!”- diýýän ýalydy.
7
532
Fleurr
30.06.2020 05:44
(N6)

Demir bilen urlan urgy, beýnini sarsdyryp, ýeňsesini ýarypdyr. Gohy eşidip kakasy oýanyp, daşky otaga çykanynda ogluny durman akýan ganyň içinden tapypdyr. Tiz kömegi çagyrmaga ejesi ylganynda bolsa, telefon siminiň üzülenligini görýär. Dad-u-perýat bilen ogluny köçä göterip çykypdyr. Entegem goňşulary Nedir aga diýilýäni oýanyp, datlaryna ýetişip hassahana öz ulagynda alyp gidipdir. Seniň Maýa ejekäň bolsa nobatçy gijesi ekeni. Kyýasy garşy alyp, ilkinji kömegi görkezenem şol ekeni, bejergini dowam edenem. Hiç netije ýoklygyny bileni üçindirdä seniň okuwa gitmegiň tarapdary bolupdyr. Oňa-da düşünýän, seniň ýüregiň agyrmagyny islän däldir. Ýöne ol Kyýasyň ýüregi hakda hiç oýlanmandyr. Kyýas bolsa sekiz aýlap komada ýatypdyr. Soňluk bilen sesleri eşidýäni mälim bolupdyr.Ýöne hiç gözlerini açmandyr. Belki gözlerini açmagy üçin seniň geleriňe garaşandyr, ilki bilen seni görmek isländir. Düýn agşam bolsa, onuň palatasyndan daşyna çykyp, Maýa ejekeň, seniň hem Selimiň okuwyňyzyň gowylygy, gün aşa soraşdyrýanlygy barada Ejeň bilen telefon arkaly eden gürrüňinden soňra Kyýasyň gan basymy güýçlenip, gan kellesine üýşüp, ýüregi çydam edip bilmändir. Hawa seniň ony şeýle ýagdaýda goýup nirede ýöreniňi bilmese-de, umytly garaşan ekeni. Ýöne seniň adyň yzy bilen aýdylan oglan ady, indi onuň ýaşamaýanlygynyň sebäbi. Şulary bilmän nämeler etdiň joram? Nämeler?”
Hawa şol güni Kyýaslaryň öýüni talamak maksady bilen oba ogrylary dil birikdirip, ýarygije olaryň diwaryndan aşypdylar. Ilki bilen üýrýän itleri içine iňňe gizlenen çörek bilen hezzetläpdiler. Emma Kyýasyň düşen ýagdaýyny görüp, ölendir diýen gorky bilen, syrtlan tizligi bilen gaçypdylar.
5
337
Fleurr
29.06.2020 11:31
(N5)

Hawa indi olar ýönekeý Selimdir, Zerewşan däldiler. Olar indi geljekki lukmanlardy. Öwrenýänlerini gün aşa, Maýa ejekä gürrüň berýändikleri üçin, beýleki talyplardan tapawutlylykda , okuwa has ünsli çemeleşýärdiler. Annasoltan daýzanyň welin ýüregi howsaladan ýaňa bir tempde uranokdy. Gyzynyň Kyýas hakdaky habary bir günden bir gün eşidäýse, onuň düşjek ýagdaýy ejesine uly ezýet berýärdi. Maýa bilen dil birikdirip ugradan ol okuwyny netije bilenini, ol asla çykalga hasaplanakdy. Sebäbi gyzynyň ýüreginde ilkinji söýgüniň sessiz agysy ýatyrdy. Zerewşan Kyýasdan iki ýaş ululygyna garamazdan, onuň ýiti zehinine, sypaýydan alçaklygyna, degişgen hem birsözliligine aşyk bolupdy. Dogrusy söýüpdi ahyry. Gyzyny gaýgydan halas etjek diýip, ony gaýga itereni hakda ejesi gije gündiz oýlanýardy. Zerewşan bolsa şol arzyly okuwy bilen başagaýdy. Ak halat, ak papak oňa juda ýaraşardy. Dogrusy köp oglanlaryň gözüne hut Zerewşanyň geýeni üçin ak halatdyr,ak papak has owadan görünýärdi. Ýöne talyp ýigitler dymmadan gelen, gürläninde ýerini bilegen gyza lak atmaga ýaýdanardylar. Bir tarapdan gorkardylar. Sebäbi Selim hemişe onuň ýanyndady. Hatda otaglary hem biri birine seredip duran goňşydy. Ýedinji gata çykmak üçin, köplenç hyrydary ýetik lifte garaşmaly bolýany welin, okuwdan soň talyplary has ýadadýardy. Wagta salym ýok diýileni, birinji ýylyňam ýarym ýyllygy tamamlanmagyň üstündedi. Talyp gyz, ýaňy okuwdan gelip, otagyna giren badyna jorasy Läleden hat geldi.
“Seni söýgüsine wepaly bir perişde saýardym. Emma bar zady bilibem, şeýdip gidipsiň, ýüreksiz! Söýgüsine wepa bermedige nädip jora diýjegimem bilemok. Dogrusy saňa bu zatlaryň ähmiýetem ýokdur, alysdaky Bagtlyja gyz!”-diýip ýazylan haty okap , hiçzada
düşünmedik Zerewşan dessine Lälä jaň etdi. Damagy doly, sandyrap çykýan sesi bilen nämüçin beýle hat ýazanlygy barada düşündiriş sorady. Läle jorasynyň habarsyzlygyny bilip gürrüňe başlady:

-“Ýadyňdamy? Ikimiz Kyýaslara barypdyk, ana şol güni ýary gije üçler töweregi, ony kellesinden güýçli urgy alany üçin hassahana alyp gidipdirler. Demir bilen urlan urgy, beýnini sarsdyryp, ýeňsesini ýarypdyr.
5
483
Fleurr
25.06.2020 06:30
Yzy (N4)

Aradan iki gün geçensoň Maýa agasynyňka süýji-kökeler bilen myhman boldy. Kän gürrüňleriň başy agyrdylandan soňra, jigisiniň okuwa bolan
höwesiniň häli henize üýtgemedigine ýene bir ýola göz ýetirip Maýa Zerewşany öz ogly Selim bilen daşary ýurda okuwa ugratmak hakdaky teklibi orta atdy. Bu Maýanyň, Zerewşany Kyýasdan uzagraga ýollamak üçin gelen netijesidi. Uzaga gitjegine gözi ýetse-de, Kakasy razy bolansoň gyzy ýok diýip bilmedi. Ine şeýdip bahardan soň gelen tomus okuwa taýýarlyk bilen hysyrdyly geçdi. Zerewşanyň bolsa ýüzi hiç gülenokdy. Sebäbi günde sesini eşitmese oňmaýan söýgüli ýigidinden habar-hatyr ýokdy. Öýleriniň deňinden telim geçdi, emma şol asyl-asyl bolup duran gulpdan başga zada göze düşmezdi. Herhili pikirler bilen özüni ýadadyp uklardy, ýene şol pikirleri ýöretmek üçinem oýanýan ýalydy. Güýz bosagadady, Selim bilen Zerewşanyňam gitmeli güni gelipdi. Dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen sagbollaşyp aeroporda garap ýol aldylar. Ulagda bäş adamlygyna garamazdan, her wagt berlen soraga jogap berýän Selimden hem Annasoltan daýza bilen baldyzy Maýadan başgasynyň sesi çykanokdy. Zerewşan edil yzynda bir güýçli ruh “Gitme!” diýýän ýaly, diňe yzyna garanjaklap, içinden bogazyny ýaryp gelýän agysyny zor bilen saklap gelýärdi. Hiçkime bildirmek islänokdy. Emma buldurap gözýaşdan dolup duran dideleri, gyzyny aýnadan synlap oturan Kakasynda gussa döredipdi. Hiç geçmeýän wagtam, uçup geçýän ýalydy. Göz açyp ýumasy salymda aeroporta-da ýetdiler. Gerekli barlaglardan geçip, hossarlary bilen hoşlaşan Selimdir, Zerewşan şeýdip täze, özbaşdak bir durmuşa gadam basdylar. Emma ikisiniňem söýgi mowzugynda aladasy ýetikdi. Uçarda irkilen Zerewşanyň bolsa ýene şol gören düýşi gaýtalandy. Hawa, bu gezegem oňa düýşünde Kyýas ýüzi gowy çytnan sagadyny sowgat beripdi. Utanmagyň deregine, jakjaklap gülüşi bolsa, “Saňa şolam bolýar” diýýän ýalydy. Özi bilen bolýan zatlara düşünmedik Zerewşan sagadyň diliniň nämüçin sekizi görkezýänini nireden bilsin. Hatda ony bilmelidirinem, bar belaň körügi ol döwük sagadyň görkezýän wagtyndalygynam bilmändi. Ine-de sanagly sagatlardan soň, täze bir durmuşyň gapysyndan ätläp, täze howadan dem alyp, barmaly ýerlerine ýol alansoňlary, Zerewşan bilen Selim öýlerine jaň etdiler. Sag-aman barandyklaryny aýdyp, hossarlarynyň ýüreklerine sowuk suw uranlaryndan soň, umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşmek bilen boldular.
5
548
Fleurr
24.06.2020 08:18
Yzy (N3)

Bilýäňmi, mugallym hiç Kyýas hakda söz açyp, nämüçin gelmeýänini soramaýanyna, içime güjük ýapylan ýaly bolup,özüm oňa Kyýas üç gündir gelmeýänini we nämüçinligini duýdurmadygyny aýtdym. Emma mugallym, Kyýasyň biraz wagt gelmejegini, hatda mekdepden gitmek ähtimallygynyň baryny duýdurdy. Sebäbini bilýän däldirin joram!

-Duýýan birzatlar bolandyr, bolmasa beýdip ýitmesi ýokdy. Kelläme bir pikir geldi..

Bu sözlerden soň Zerewşan köçä okdurlyp çykdy. Jorasynyň pikirini okap ýetişmedik Läle-de yzy bilen.

-Läle sen öýňüze baryber! Men Maýa ejekemi görüp gaýtjak. Eger çakym çak bolsa, diňe şol kömek edip biler.

Köçelerde Aprel höküm sörýärdi. Gün al asmanda, baharyň öýlänçisiniň suwuny içen güllerem ýollara özboluşly bezeg berip otyrdy. Emma Zerewşanyň hyýallary ol gözelligi synlardan has uzakdady. Her edip, hesip edip, ol Merkezi Hassahana ýetip geldi. Agyr keselleri bejeriş bölüminiň lukmany bolup, indi ençe ýyl bäri halkyň alkyşyny alyp oturan Maýa ejekesiniň ýanyna girdi. Iş bilen başagaý bolup köpden bäri agasynyň hal-ahwalyny soramaga eli degmedik Maýa, onuň gyzyny eýýäm asyrlar boýy görmedik ýaly bolup, begençli garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşylandansoň Zerewşan Kyýas hakdaky gürrüňi gozgady. Emma ejekesi hassalarynyň içinde beýle bimaryň ýoklugyny, emma beýleki bölümlerdenem sorap-idejekligini aýdyp, jigisini köp dogaýy salamlar bilen ugratdy.
6
421
Fleurr
22.06.2020 00:40
Yzy(2)

“Näme bolanyny hä bilemok welin, reňkiňde reňk ýokla balam, biri bijaý göwnüňe degäýdimi?” Oýa batyp oturan Zerewşan, üstünden sowuk suw inene meňzäp:
-”Eje özümem bilemok, erbet düýş görüpdirin. “Düýş görende däl, ýoranda diýýärler” diýip, gyzyna göwünlik berip düýşüniň beýanyny diňledi. Emma dogrudanam, gowy düýş däldi. Ejesi gowulyga ýorsa-da, gyzy gowulyga ýorup bilmedi. Gün öýlän bolanda, habar ýoklugyndan, göwni birzatlar syzýan ýaly bolup, jorasy Läläniňkä barýanyny aýdyp Zerewşan öýden çykdy. Läle bilen birzatlar edip Kyýasa ne döw çalanyny anyklamagyň maslahatyny etdiler. “Onuň işi aňsatla, klasdaşymyň öýüne, mugallym: “Soňky ýylyň ahyry, okuwdan galma!” diýip tabşyrdy diýen habar bilenjik baraýaryn, sen alada etme!” diýip, Läläniň beren sözüni eşidensoň biraz köşeşen Zerewşan, oňa ýoldaş bolup Kyýaslara gitjegini, emma öýünden bärräkde olary peýläp durjagyny aýtdy. Maslahata görä hereket etdiler. Emma Kyýaslarda bulara jogap beren bolmady. Gapylarynda ýumrukdanam uly gulp asylgydy. Howluda guş uçsa-da üýrüp galýan itlerdenem ses çykmady. Bu düşünişmezlik Zerewşanyň ýüregine gulgula saldy. Ep-esli günden soň Läle Zerewşanyňka habar bilen bardy.
5
505
Fleurr
21.06.2020 02:21
HEKAÝA (N1)


Gürrüňiň iň gyzykly ýerine ýetende, şirin söhbete awy gatyp, ünsi bozup üýrýän itlere haý-küş diýmek üçin zowwa ýerinden galan Kyýas, aýnadan seretmäne howlukdy. Telefon siminden aňyrda bolsa, süýji ukydan galyp, Kyýas bilen söhbeti dowam etmäge ymtylýan, Kyýasyň bahar gülleriniň gözelligine aňyry dur diýýän söýgüli gyzy otyrdy. Birdenem telefon goýuldy. Nämäniň näme bolanyna düşünmedik Zerewşan: “Belki kakasy oýanandyr, telefon nämüçin gapdalda durka diýibem, ýerine goýandyr” diýip özüne göwünlik berdi we uklamak bilen boldy. Emma hiç uklap bilmedi. Bu bolan ýagdaý göwnüne jaý däldi. Sebäbi ozal Kyýasdan süýji düýşler görmek hakdaky dilegi eşitmän uklan gezegi ýokdy. Kellesinde dürli pikirler bilen ýene telefona ýapyşanyny özem duýmady. Emma jaňyna jogap aljagyna umydy galmady, sebäbi jaň gitmedi. “Kakasy gaty gahary gelip, telefon simini düýbünden aýyraýdymyka, hernä sogünç bir eşitmäýedir men diýip”- diýen kiçijik umyt bilen ýerine geçipdi. Göwni ünjili uklanyndan bolsa gerek, ol irden erbet düýş görüp oýandy. Gyzynyň ertirlik edinşi, dymyp, diňe pikirleri bilen başagaý gezip ýörşi ejesi Annasoltan daýza, düýşünde gezmeleýän adamy ýatlatdy. Gyzynyň içki duýgularyndan habarly eje derrew düşünen bolarly:”Zerewşan! Gyzym!”- diýip gyzynyň otagyna sesli girdi.
7
631
Fleurr
13.06.2020 11:28
Dünýäde iň köp ulanylýan iki söz " I love you" hem-de "Made in China" ýöne ikisine-de garantiýa ýok.
12
911