Fleurr
29.06.2020 11:31
(N5)

Hawa indi olar ýönekeý Selimdir, Zerewşan däldiler. Olar indi geljekki lukmanlardy. Öwrenýänlerini gün aşa, Maýa ejekä gürrüň berýändikleri üçin, beýleki talyplardan tapawutlylykda , okuwa has ünsli çemeleşýärdiler. Annasoltan daýzanyň welin ýüregi howsaladan ýaňa bir tempde uranokdy. Gyzynyň Kyýas hakdaky habary bir günden bir gün eşidäýse, onuň düşjek ýagdaýy ejesine uly ezýet berýärdi. Maýa bilen dil birikdirip ugradan ol okuwyny netije bilenini, ol asla çykalga hasaplanakdy. Sebäbi gyzynyň ýüreginde ilkinji söýgüniň sessiz agysy ýatyrdy. Zerewşan Kyýasdan iki ýaş ululygyna garamazdan, onuň ýiti zehinine, sypaýydan alçaklygyna, degişgen hem birsözliligine aşyk bolupdy. Dogrusy söýüpdi ahyry. Gyzyny gaýgydan halas etjek diýip, ony gaýga itereni hakda ejesi gije gündiz oýlanýardy. Zerewşan bolsa şol arzyly okuwy bilen başagaýdy. Ak halat, ak papak oňa juda ýaraşardy. Dogrusy köp oglanlaryň gözüne hut Zerewşanyň geýeni üçin ak halatdyr,ak papak has owadan görünýärdi. Ýöne talyp ýigitler dymmadan gelen, gürläninde ýerini bilegen gyza lak atmaga ýaýdanardylar. Bir tarapdan gorkardylar. Sebäbi Selim hemişe onuň ýanyndady. Hatda otaglary hem biri birine seredip duran goňşydy. Ýedinji gata çykmak üçin, köplenç hyrydary ýetik lifte garaşmaly bolýany welin, okuwdan soň talyplary has ýadadýardy. Wagta salym ýok diýileni, birinji ýylyňam ýarym ýyllygy tamamlanmagyň üstündedi. Talyp gyz, ýaňy okuwdan gelip, otagyna giren badyna jorasy Läleden hat geldi.
“Seni söýgüsine wepaly bir perişde saýardym. Emma bar zady bilibem, şeýdip gidipsiň, ýüreksiz! Söýgüsine wepa bermedige nädip jora diýjegimem bilemok. Dogrusy saňa bu zatlaryň ähmiýetem ýokdur, alysdaky Bagtlyja gyz!”-diýip ýazylan haty okap , hiçzada
düşünmedik Zerewşan dessine Lälä jaň etdi. Damagy doly, sandyrap çykýan sesi bilen nämüçin beýle hat ýazanlygy barada düşündiriş sorady. Läle jorasynyň habarsyzlygyny bilip gürrüňe başlady:

-“Ýadyňdamy? Ikimiz Kyýaslara barypdyk, ana şol güni ýary gije üçler töweregi, ony kellesinden güýçli urgy alany üçin hassahana alyp gidipdirler. Demir bilen urlan urgy, beýnini sarsdyryp, ýeňsesini ýarypdyr.
5
483
Myhman Myhman
29 Iýun 2020
Beh barde de men lukman ekinma
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.