Fleurr
01.07.2020 13:42
Sonky bolum

Wah olara habar berilmegine görä, şol güni Kyýaslarda hiçkim bolmaly däl ekeni. Nämemiş goňşy oba gelin bolup düşen uýasynyň ogly bolanmyş, olaram şony görmäge gidenmişler. Bu myş-myşlaryň anygyna ýetmän, gül ýaly ojagyň bagtyna zawun bolan ogrylar, elbetde tutulypdylar. Emma olaryň tutulany Kyýasyň ömrüni gaýtarar derejede gudrat däldi.
Jorasynyň gürrüňini eşiden Zerewşanyň aglap durşy, heýkeliň üstünden ýagyş ýagýana meňzeşdi. Bu zatlarda özüni günäkär saýýardy, düýşüniňem aýan bolanyna düşündi. Aglamagy birden kesip, şakyrdap, aýdanyny etmeýän elleri bilen ýatýan ýerini dörjeläp başlady, ahyry tapdy. Hawa şol ejesiniň sowgat eden sagadyny tapdy. Ýerde goýup üstünden ökjeli köwşi bilen bir basdy welin, sagat hut düýşündäki alan sowgadyna meňzedi duruberdi. Gaharyna eňekleri sandyraýardy. Sagady ýassygynyň üstünde goýup, soňky eden hereketi aýnany açmakdy. Nädip bökenini welin özem duýan däl bolsa gerek. Daşaryny ak dona büräp eýýäm sagatlar boýy ýagyp duran garam, “Üşeme gyzym! Üstüňe ýorgan bolaýyn!”- diýýän ýalydy.
7
532
Myhman Myhman
2 Iýul 2020
?????????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.