Yzy (N3)
Bilýäňmi, mugallym hiç Kyýas hakda söz açyp, nämüçin gelmeýänini soramaýanyna, içime güjük ýapylan ýaly bolup,özüm oňa Kyýas üç gündir gelmeýänini we nämüçinligini duýdurmadygyny aýtdym. Emma mugallym, Kyýasyň biraz wagt gelmejegini, hatda mekdepden gitmek ähtimallygynyň baryny duýdurdy. Sebäbini bilýän däldirin joram!
-Duýýan birzatlar bolandyr, bolmasa beýdip ýitmesi ýokdy. Kelläme bir pikir geldi..
Bu sözlerden soň Zerewşan köçä okdurlyp çykdy. Jorasynyň pikirini okap ýetişmedik Läle-de yzy bilen.
-Läle sen öýňüze baryber! Men Maýa ejekemi görüp gaýtjak. Eger çakym çak bolsa, diňe şol kömek edip biler.
Köçelerde Aprel höküm sörýärdi. Gün al asmanda, baharyň öýlänçisiniň suwuny içen güllerem ýollara özboluşly bezeg berip otyrdy. Emma Zerewşanyň hyýallary ol gözelligi synlardan has uzakdady. Her edip, hesip edip, ol Merkezi Hassahana ýetip geldi. Agyr keselleri bejeriş bölüminiň lukmany bolup, indi ençe ýyl bäri halkyň alkyşyny alyp oturan Maýa ejekesiniň ýanyna girdi. Iş bilen başagaý bolup köpden bäri agasynyň hal-ahwalyny soramaga eli degmedik Maýa, onuň gyzyny eýýäm asyrlar boýy görmedik ýaly bolup, begençli garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşylandansoň Zerewşan Kyýas hakdaky gürrüňi gozgady. Emma ejekesi hassalarynyň içinde beýle bimaryň ýoklugyny, emma beýleki bölümlerdenem sorap-idejekligini aýdyp, jigisini köp dogaýy salamlar bilen ugratdy.