Fleurr
21.06.2020 02:21
HEKAÝA (N1)


Gürrüňiň iň gyzykly ýerine ýetende, şirin söhbete awy gatyp, ünsi bozup üýrýän itlere haý-küş diýmek üçin zowwa ýerinden galan Kyýas, aýnadan seretmäne howlukdy. Telefon siminden aňyrda bolsa, süýji ukydan galyp, Kyýas bilen söhbeti dowam etmäge ymtylýan, Kyýasyň bahar gülleriniň gözelligine aňyry dur diýýän söýgüli gyzy otyrdy. Birdenem telefon goýuldy. Nämäniň näme bolanyna düşünmedik Zerewşan: “Belki kakasy oýanandyr, telefon nämüçin gapdalda durka diýibem, ýerine goýandyr” diýip özüne göwünlik berdi we uklamak bilen boldy. Emma hiç uklap bilmedi. Bu bolan ýagdaý göwnüne jaý däldi. Sebäbi ozal Kyýasdan süýji düýşler görmek hakdaky dilegi eşitmän uklan gezegi ýokdy. Kellesinde dürli pikirler bilen ýene telefona ýapyşanyny özem duýmady. Emma jaňyna jogap aljagyna umydy galmady, sebäbi jaň gitmedi. “Kakasy gaty gahary gelip, telefon simini düýbünden aýyraýdymyka, hernä sogünç bir eşitmäýedir men diýip”- diýen kiçijik umyt bilen ýerine geçipdi. Göwni ünjili uklanyndan bolsa gerek, ol irden erbet düýş görüp oýandy. Gyzynyň ertirlik edinşi, dymyp, diňe pikirleri bilen başagaý gezip ýörşi ejesi Annasoltan daýza, düýşünde gezmeleýän adamy ýatlatdy. Gyzynyň içki duýgularyndan habarly eje derrew düşünen bolarly:”Zerewşan! Gyzym!”- diýip gyzynyň otagyna sesli girdi.
7
631
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.