(N6)
Demir bilen urlan urgy, beýnini sarsdyryp, ýeňsesini ýarypdyr. Gohy eşidip kakasy oýanyp, daşky otaga çykanynda ogluny durman akýan ganyň içinden tapypdyr. Tiz kömegi çagyrmaga ejesi ylganynda bolsa, telefon siminiň üzülenligini görýär. Dad-u-perýat bilen ogluny köçä göterip çykypdyr. Entegem goňşulary Nedir aga diýilýäni oýanyp, datlaryna ýetişip hassahana öz ulagynda alyp gidipdir. Seniň Maýa ejekäň bolsa nobatçy gijesi ekeni. Kyýasy garşy alyp, ilkinji kömegi görkezenem şol ekeni, bejergini dowam edenem. Hiç netije ýoklygyny bileni üçindirdä seniň okuwa gitmegiň tarapdary bolupdyr. Oňa-da düşünýän, seniň ýüregiň agyrmagyny islän däldir. Ýöne ol Kyýasyň ýüregi hakda hiç oýlanmandyr. Kyýas bolsa sekiz aýlap komada ýatypdyr. Soňluk bilen sesleri eşidýäni mälim bolupdyr.Ýöne hiç gözlerini açmandyr. Belki gözlerini açmagy üçin seniň geleriňe garaşandyr, ilki bilen seni görmek isländir. Düýn agşam bolsa, onuň palatasyndan daşyna çykyp, Maýa ejekeň, seniň hem Selimiň okuwyňyzyň gowylygy, gün aşa soraşdyrýanlygy barada Ejeň bilen telefon arkaly eden gürrüňinden soňra Kyýasyň gan basymy güýçlenip, gan kellesine üýşüp, ýüregi çydam edip bilmändir. Hawa seniň ony şeýle ýagdaýda goýup nirede ýöreniňi bilmese-de, umytly garaşan ekeni. Ýöne seniň adyň yzy bilen aýdylan oglan ady, indi onuň ýaşamaýanlygynyň sebäbi. Şulary bilmän nämeler etdiň joram? Nämeler?”
Hawa şol güni Kyýaslaryň öýüni talamak maksady bilen oba ogrylary dil birikdirip, ýarygije olaryň diwaryndan aşypdylar. Ilki bilen üýrýän itleri içine iňňe gizlenen çörek bilen hezzetläpdiler. Emma Kyýasyň düşen ýagdaýyny görüp, ölendir diýen gorky bilen, syrtlan tizligi bilen gaçypdylar.