Yzy(2)
“Näme bolanyny hä bilemok welin, reňkiňde reňk ýokla balam, biri bijaý göwnüňe degäýdimi?” Oýa batyp oturan Zerewşan, üstünden sowuk suw inene meňzäp:
-”Eje özümem bilemok, erbet düýş görüpdirin. “Düýş görende däl, ýoranda diýýärler” diýip, gyzyna göwünlik berip düýşüniň beýanyny diňledi. Emma dogrudanam, gowy düýş däldi. Ejesi gowulyga ýorsa-da, gyzy gowulyga ýorup bilmedi. Gün öýlän bolanda, habar ýoklugyndan, göwni birzatlar syzýan ýaly bolup, jorasy Läläniňkä barýanyny aýdyp Zerewşan öýden çykdy. Läle bilen birzatlar edip Kyýasa ne döw çalanyny anyklamagyň maslahatyny etdiler. “Onuň işi aňsatla, klasdaşymyň öýüne, mugallym: “Soňky ýylyň ahyry, okuwdan galma!” diýip tabşyrdy diýen habar bilenjik baraýaryn, sen alada etme!” diýip, Läläniň beren sözüni eşidensoň biraz köşeşen Zerewşan, oňa ýoldaş bolup Kyýaslara gitjegini, emma öýünden bärräkde olary peýläp durjagyny aýtdy. Maslahata görä hereket etdiler. Emma Kyýaslarda bulara jogap beren bolmady. Gapylarynda ýumrukdanam uly gulp asylgydy. Howluda guş uçsa-da üýrüp galýan itlerdenem ses çykmady. Bu düşünişmezlik Zerewşanyň ýüregine gulgula saldy. Ep-esli günden soň Läle Zerewşanyňka habar bilen bardy.