Dowran...
15.04.2020 23:29
Märeke
Öz işine gümra gadym giň jahan
Käte gam getirer, käte hemaýat.
Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz,
«Öýkeni giňär!» diýp, güldi jemagat.
Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.
Şo gyz kämil çykyp, toýa şaýlandy.
Şonda ol gözeliň ikinji sapar
Owadan gözlerne duman aýlandy.
«Aýu, tula, begenjiňe aglaýaň?»
Diýip, ýomak atyşdylar gelinler.
Entek nämäň-nämedigini aňmaýan
Gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler.
Soň ýene aý ötdi. Ötdi köp bahar.
Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady.
Şonda şol gözelmiz üçünji sapar,
Soňky sapar için tutup aglady.
Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy
Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada.
Diýdi il ýene-de juda sogduryp:
«Maşgalada öýke-de bor, kine-de!»
Paşmadyk umytlaň gizläp ahyny,
Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy?
Sen aýt, märeke, aýt, ahyry,
Saňa biperwaýlyk, endikmi, kärmi?
Neçün ýagşylyga ýorýaň agyny?
Seniň üçin hemmeje zat gül ýaly.
Gözýaş bilen egsip ýürek dagyny
Aglanlaryň oňatmyka ykbaly?
Hemme kişi bagtly güni aglanok,
Adam diýen gülenogam hesretden.
Eý, märeke, hiç düşünip bilemok.
Mähirlimiň?
Gaharlymyň?
Näme sen?
Gurbannazar Ezizow
11
372
Dowran...
15.04.2020 23:20
M
Ilkinji mugallymym
Nurýagdy Agaýewe.
35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Ýadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.
Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,
Partanyň deregne – ýasama stol.
Her stol başynda – dört sany çaga,
(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal).
Her çagaň elinde –
Ýönekeý galam,
Her çagaň öňünde –
Suratly «Harplyk».
Göýä özümiz hem harplaň oňünde
Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.
Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,
Harp bize seredýär,
biz bolsa harpa...
Onýança-da birden garaja kepbäň
Gyzylja gapysy açyldy jarka.
Ätledi gapydan bir uly adam.
(Ýaşyny hasaplap otursam indi,
Uly bolup görnen şol uly adam
On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).
«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.
Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,
Ne-hä jogap berdik,
ne-de gozgandyk.
Göýä bakan ýaly ullakan daga,
Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.
(Ýyljyraklap bize seredýär olam).
Öňümizde bolsa –
Suratly «Harplyk».
Ýene-de üç depder,
Ýene bir galam...
Ilkinji salamy şondan öwrendik.
Salamy ozalam bilýärdik weli,
Salam diýen sözüň uly manysyn
Ilki öwredipdi mugallym dili.
Ilkinji edebi şondan öwrendik.
Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn
Has aýdyň edipdi mugallym dili.
Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.
«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,
«A» diýen harpdan
soň «B»-niň bardygyn
Ilki owredipdi mugallym dili.
Watanyň başyna iş düşen güni,
Moskwaň üstüne çekende bulut –
Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,
Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.
Gidişi, gidişi –
Gelmedi gaýdyp...
Ýaşyny hasaplap otursam indi,
Onunjy klasly Nazar oglumyň
Ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi...
Kerim Gurbannepesow
9
303
Dowran...
14.04.2020 23:09
Sag bol durmuş
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Şükür, saçagymda kemenok çörek.
Ýöne adam
Çörek bilen, adam däl,
Oňa başga-da kän,
Kän zatlar gerek.
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin,
Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin.
Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip,
Adamyň hasratdan ölmegi mümkin.
Sag bol durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Il deňinde ýar ýerinde ýar berdiň
Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiň.
Dahana söz berdiň waspyň diýere,
Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp.
Dost kyn günüň gerek.
Duşmanam berdiň
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.
Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme,
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline.
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,
Iň soňunda galam berdiň elime.
Bu baglaryň göni,
egri hatary,
Gülleriň, günleriň müň hili reňki,
Adamlaryň sary aýralyklary,
Elwan duşuşygy — bary meniňki.
Gije-gündiz galamymy oýnatdym,
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.
Aşagyndan çykar ýaly däl eken,
Kän zat alan ekenim men durmuşdan.
Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan.
Atyň eýerinde tans oýnaýyn,
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn,
Köp zat berdim diýip gynama meni,
Berenleriň üçin taňryýalkasyn.
Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
Öňümde ak kagyz,
Elimde galam.
Menem bir gün bergilemden çykaryn!
Gurbannazar Ezizow
8
350
Dowran...
12.04.2020 00:10
(,,Gijä galan söýgi” zynjyry)
Men, gülüm, yşk atly derdiň humary,
Geldim bu derdimden aýylmak üçin.
Sen dünýäde gözelligiň harmany,
Gözellik keramat saýylmak üçin.
Çalaja ýylgyrşyň açdy işdäni,
Biz barada näme diýseň, eşdeli.
Gowam bolsa, goý eliňden keşdäni,
Sen dörän gyz diňe söýülmek üçin.
Mümkinmidir bu gözellik, bu terlik?
Her näziňden gider ruhum göterlip.
Her kim saňa bakyp galsa ýeterlik
Gözellik mülkünden paý almak üçin.
Köpler gyrgy diýer siziň kepdere,
Ynanmagyn ýalan-ýaşryk geplere.
Meniň duýgularym damýar depdere,
Aýdym bolup ile ýaýylmak üçin.
Diýmesinler söz ussady menmikän,
Saňa alkyş aýtsyn tarypyň okan.
Men indi ýazaryn sen hakda mukam,
Bu setirler – diňe taýynlyk üçin.
Italmaz Akmyradow
15
455