Dowran...
13.04.2020 19:01
Meşhur arap atyrlarynyñ müşgi däl
Meýdan gülleriniñ ysy bar sende
Göze görnüp başlan gyzlañ yşgy däl
Ene posalarynyñ ysy bar sende.

Diýsem eger bir bakyşda jan aljak
Artdyrdygym boljak öwdügim boljak
Diýibem biljek däl dilewar alçak
Paýhasly sözleriñ özi bar sende.

Ýygralykmy ýüziñ hem kan ýagty däl
Söýýän diýsem indiden soñ wagty däl
Ýogsa bilýän her ýigidiñ bagty däl
Bir ojak başynyñ közi bar sende

Goşgym ūçin çytylmazmy gaşlaryñ
Oklamazmyñ maña hasrat daşlaryn
Dolanmajak şool on sekiz ýaşlaryñ
Ýitiren zadymyñ wah özi bar sende.
10
491
Myhman Myhman
14 Aprel 2020
Hawa Dówran gollanmalar edil mende K Ataýewiñ edebiýat teoriýasy diýen Ýaš galamdaşyma maslahatlar diýen kitapçasy ba galanam hany gôreýin size ýazaryn M

iñ kyny başaşa yazmakdyr
Dowran...
13 Aprel 2020
Mysal un oçerek name nowella name hekaya powest oylanma roman poyema elegiya oda mesnewi murapbag basleme dortleme gazal we s m edebi zanrlary biri birinden tapawutlandyrmak we sol eserin niyetlan eserin bolmagy un name zerur serti bar so gyzykly men kone konspektlerimi gozlesem yeniljek gollanma bolmaly olam hepdede 1 sagat 1 yyl gecildi yalnysmasam
Dowran...
13 Aprel 2020
Salam Medine gowy hudaya sukir yagsy gowymy oziniz sagaman isleyanizmi gorinmedinizle gowlukmy siz kyn gormeseniz su edebiyat tioriyasyna degisli nahili nahili kitap kimin yazan eserini okap bolya biz okan dowrimiz dine depdere konspekt edyadik edebiyat nazariyetinden hic hili turkmen dilinde yazylan gollanma yokdy
Myhman Myhman
13 Aprel 2020
Salam Dõwran gošgy ôrän gowy mesnewi formanyda yerlikli ulanypdyr šahyr M

Salam Dõwran gošgy ôrän gowy mesnewi formanyda yerlikli ulanypdyr šahyr M
Dowran...
13 Aprel 2020
Sag bol yegen
BAHARJYK❣❣
13 Aprel 2020
Dayy gowy goshgy. ??
Bts
13 Aprel 2020
Dolanmajak shool on sekiz yashlaryn? haladym goshgynyzy
gulshatayewa97
13 Aprel 2020
Ýygrylmakmy ýüziň hem kän ýagty däl...?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.