Dowran...
15.04.2020 23:20
M

Ilkinji mugallymym
Nurýagdy Agaýewe.

35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Ýadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.

Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,
Partanyň deregne – ýasama stol.
Her stol başynda – dört sany çaga,
(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal).

Her çagaň elinde –
Ýönekeý galam,
Her çagaň öňünde –
Suratly «Harplyk».
Göýä özümiz hem harplaň oňünde
Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.

Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,
Harp bize seredýär,
biz bolsa harpa...
Onýança-da birden garaja kepbäň
Gyzylja gapysy açyldy jarka.

Ätledi gapydan bir uly adam.
(Ýaşyny hasaplap otursam indi,
Uly bolup görnen şol uly adam
On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).

«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.
Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,
Ne-hä jogap berdik,
ne-de gozgandyk.
Göýä bakan ýaly ullakan daga,
Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.
(Ýyljyraklap bize seredýär olam).
Öňümizde bolsa –
Suratly «Harplyk».
Ýene-de üç depder,
Ýene bir galam...

Ilkinji salamy şondan öwrendik.
Salamy ozalam bilýärdik weli,
Salam diýen sözüň uly manysyn
Ilki öwredipdi mugallym dili.

Ilkinji edebi şondan öwrendik.
Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn
Has aýdyň edipdi mugallym dili.

Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.
«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,
«A» diýen harpdan
soň «B»-niň bardygyn
Ilki owredipdi mugallym dili.

Watanyň başyna iş düşen güni,
Moskwaň üstüne çekende bulut –
Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,
Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.

Gidişi, gidişi –
Gelmedi gaýdyp...
Ýaşyny hasaplap otursam indi,
Onunjy klasly Nazar oglumyň
Ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi...

Kerim Gurbannepesow
9
303
Citc8rcr8cy8jn
16 Aprel 2020
Yone bizin klasymyz yaly gulkunc klas yok bolaymasa bize gosulman sessiz oturmak gaty kyn bolaymasa?
Citc8rcr8cy8jn
16 Aprel 2020
Aytyana olaram rastayaniya saklamaga SYNANYSYALAR ? yone onaranoklar ?
Dowran...
16 Aprel 2020
Ay yoklay mena okuwcy bn mollumyn arasynda restayanya bolmaly dp so duzgune gulluk etdik
Citc8rcr8cy8jn
16 Aprel 2020
Hm yok gaytam biza owrenisen gowy goryan mollymymyzyn gownune degmejek bolup bir diyenini iki gaytalatman etyandik,yone howa yas mollymkar bek bolan bolyalar welin bizin edyan oyunlarymyza gosulman oturyp bilenoklar??
Dowran...
16 Aprel 2020
Howa cagalary kyn goryadim inda sapaga giribilerinem oydemok . Ay bilmedim mena dogrymy aytsam yas bolamson owrenismesinler dp bekirak tutyadym
Citc8rcr8cy8jn
16 Aprel 2020
Cagalar kyndyrlay gaytam ulular bn dost yaly ansatdyr biza mollymlarymyz bn dost yaly
Dowran...
16 Aprel 2020
Men öñ okatdym baslangycda praktika gesdim son ululary okatdym
Citc8rcr8cy8jn
16 Aprel 2020
Baslangyclary okatyanmy ya ulylary
Dowran...
16 Aprel 2020
Howa dogry aydyan owrenmek kyn owretmek ondanam kyn edil hazirki yaly yadymda ilkinki sapaga girip uzak gije yatman tayyarlanan sapagymy 15 mintde gecip gutarysym 30 sany oz agzyma seredip oturan cagalara seredip olan ozinden beter aljyrasym ay garaz bir topar caga bir zatlar owredip bilermikam diyip alada edisim
Dowran...
16 Aprel 2020
Su goşgyñ ady,,A,, bolmaly M nireden geldi bilemok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.