Dowran...
14.04.2020 23:09
Sag bol durmuş


Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Şükür, saçagymda kemenok çörek.
Ýöne adam
Çörek bilen, adam däl,
Oňa başga-da kän,
Kän zatlar gerek.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin,
Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin.
Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip,
Adamyň hasratdan ölmegi mümkin.

Sag bol durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Il deňinde ýar ýerinde ýar berdiň
Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiň.

Dahana söz berdiň waspyň diýere,
Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp.
Dost kyn günüň gerek.
Duşmanam berdiň
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.

Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme,
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline.
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,
Iň soňunda galam berdiň elime.

Bu baglaryň göni,
egri hatary,
Gülleriň, günleriň müň hili reňki,
Adamlaryň sary aýralyklary,
Elwan duşuşygy — bary meniňki.

Gije-gündiz galamymy oýnatdym,
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.
Aşagyndan çykar ýaly däl eken,
Kän zat alan ekenim men durmuşdan.

Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan.

Atyň eýerinde tans oýnaýyn,
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn,
Köp zat berdim diýip gynama meni,
Berenleriň üçin taňryýalkasyn.

Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
Öňümde ak kagyz,
Elimde galam.
Menem bir gün bergilemden çykaryn!

Gurbannazar Ezizow
8
350
Dowran...
16 Aprel 2020
Durmus tabagynda tendiryan eken ona dusindim herna bosagadan gonderman eken diyya bosagadan gondermek cykarmak bolyamy ya gapydan salman yzyna gaytarmak bolyamy dusinmedim

Men kyssa yazan yazyjylar kan yone solaryn arasyndan ozime yakyn sayyp A Gowsudowyn eserlerini halayan bir hili dili suyji ozine cekiji gyzykly
Dowran...
16 Aprel 2020
Salam medine gowymy yagdaylar gowy gosgy

Howa durmusda yasajak bolsan onda yazylan kanundan yazylmadyk kanun kan olary dine durmusda yasap on ajy suyji şarpygynyñ awusyny tagamyny dadyp dusinyan bosagadan garap oyin icinde name bolyanyny bilip bolmaz iceri girmesen
Bts
15 Aprel 2020
Gowy goshgy?
Myhman Myhman
15 Aprel 2020
Ýazylmadyk bir kanuny bu ýollañ Durmuş tabagynda tendirýän eken Ýene şûkúr ýetenime şu gúne Hernä bosagadan gôndermän eken M

Şahyr ykablyny añlan ýaly gyssama meni dn sózleri indi dûşûnse bolya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.