Dowran...
12.04.2020 15:36
Suratyñ öñinde

Döz gelmedim ýowuz gelen täleýe
Ejizleýäñ, diýip maña käýýeme
Gözlem gözýaşyma indi däl eýe
Ýüregimiñ bagyndan üzüldim eje.

Ãhli zat üýtgedi horlandy ogluñ
Ozalkylar ýaly ýok indi dogmum
Kän bir şatlanmana ysanok bognum
Duýgularym saz däl pozuldum eje.

Gadyryñ, gymmatyñ bildim gijiräk
Özümi ýigrenýän käte däljiräp
Bergimiz sebäpli bolduk ajyrak
Ýöne sen bar wagtyñ hezildi eje.

Indi ne bergi bar nede bir algy
Geljegimi tapmaga gerek däl salgy
Ajal bilen menem öñden adagly
Agyr meseledim çözüldim ejee.

Kellämiñ içinde bar ýaly gurşun
Halamok şu günler ýüregimiñ urşun
Saña geñ bolmasyn müzzerip durşum
Sen gideliñ bäri ezildim eje.

Ýazmyrat Çörli



15
785
Myham Kümüş
13 Aprel 2020
Daýy men name?
DURSUN
13 Aprel 2020
Oran govy yazylan gosgy mlds
BAHARJYK❣❣
12 Aprel 2020
Sag bol Dowran dayy.??
Dowran...
12 Aprel 2020
Sen uly yegena seni 5 dayyn men seni yerin ayry yegen arkayyn bol
BAHARJYK❣❣
12 Aprel 2020
Vii men name dayy
Dowran...
12 Aprel 2020
Ay yoklay kumus yegen zordurlay
BAHARJYK❣❣
12 Aprel 2020
Hmm. Men postumda yyldyzlaryn zadyny goydum kumusem oykelek eken yuzjagazyny pahyrja edenson oykeledimika diyip soradymlay.
Dowran...
12 Aprel 2020
Howa sondan gowy gorenimi alyp barik yazyan
BAHARJYK❣❣
12 Aprel 2020
Howwa gordum galamdasda bar eken yone hemme gosgusy yokda. Siz yazyanyz velin okap gowy gordum sonnan sorayanlay.
Dowran...
12 Aprel 2020
Yasayandyr galamdasda bara su sahyryn ozi gosgularam bar galamdasda onrap gulhan goydy aprel dp men bir gosgusyny goydum mena galamdasdan aldym yone su gosgyna on bir yerden gociripdirin

Kumus name un oykeledi senden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.