Dowran...
13.04.2020 22:12
Bir goşgynyñ iki terjimesi
Resul Gazmatow

Egerde müñ ýigit aşygyñ bolsa

Müñ ýigit bir seniñ aşygyñ bolup
Bary seni alan bolsa nyşana
Bilip goýgun şol bir müñüñ içinde
Rseul Gamzatowam bardyr, enşalla.

Ýüz ýigit pyrlanýan bolsa daşyñda
Başgalañ kimdigin bilemok weli
Bilip goýgun şol ýüz sany ýigidiñ
Biri Resul diýen dagly bolmaly.

Men diýen on ýigit öñe saýlanyp
Seniñ huzuryñda jem bolsa olar
Bilip goýgun şol on sany ýigidiñ
Birisi Resul Gamzatow bolar.

Dünýäniñ ýüzünde ýeke bir ýigit
Eger bolan bolsa özüñe bendi
Bilip goýgun şol bir ýigit Resuldyr
Dagystanyñ saña teşne perzendi.

Eger bardy geldi seniñ yşgyñda
Bir ýigidem özün urmasa oda
Onda... onda eý, kalbymyñ soltany
Bilip goý Gamzatow ýokdur dünýäde.

Berdinazar Hudaýnazarow

Eger bu dünýäde

Eger bu dünýäde müñ erkek kişi
Gõnderäýse sana õz sawçylaryn
Takat bilen hoš habara garaşýan
Resul Gamzatowdyr biri olaryñ.

Damarynda gyzgyn gany gaýnaýan
Ýüz ýigit husnuña bolaýsa bendi
Saýlanyp durandyr ýüziñ içinde
Dagystanyñ Resul atly perzendi

Eger aşyk bolsa saña on sany
Yşk oduna kõýen men diýen adam
Şolañ arasynda hem gamly hem šat
Bardyr ýanyp ýören Resul Gamzadam.

Ýeke biri öz aklyndan azaşyp
Söýýän bolsa kalby datly perýatly
Ynanaý şol ýeke başy dumanly
Daglañ bürgüdidir Resul atly.

Eger seni hiç kim söýmeýän bolsa
Hasrat çekip kalbyñ bolsa azarda
Onda kepen geýip Resul Gamzat
Dag içinde ýatandyr bir mazarda.

Terjime eden : Atamyrat Atabaýew
8
435
Myhman Myhman
14 Aprel 2020
Berdinazar aga terjimeçi yazyjy şahyr Atabayew ussat šahyr edebiyatçy ikisem edebiyatyñ tuzlary diyseñ yalñyš däl M
Dowran...
13 Aprel 2020
Dogurdanam umumy terjima uns bersen Atabayew tasirli terjime yerine dusipdir men berdinazaryn poeziyz hem proza yazyanyny bilyan yone atabayew dine gosgy yazyamy ya kyssa eserlerem barmy men gabat gelmedim
Dowran...
13 Aprel 2020
Howa ikisem erbet dal men Berdinazar agan bilip goý Gamzatow ýokdur dünýäde diyen setirlerini tasirli gordim
Dowran...
13 Aprel 2020
Salam yegen gowymy yagdayyn name un myhman boldun gelip durgyn hali bahar bn yatlap durdyk kumus oykeledi dp
Dowran...
13 Aprel 2020
Dogry gowy yazyjy birnace eserleri turkmenca terjime edilendir
Bts
13 Aprel 2020
Biz edebiyatdan inni gecyas Resul Gamzatowy yene 2 tema gecsek yetyas shona
Myhman Myhman
13 Aprel 2020
Salam Dowran dayy.Körpe yegeninem myhman boldy inni ?Gowymy yagdaylan ?
Myhman Myhman
13 Aprel 2020
Men Atbaýewiñ terjimesini has haladym M
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.