Dowran...
15.04.2020 23:29
Märeke

Öz işine gümra gadym giň jahan
Käte gam getirer, käte hemaýat.
Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz,
«Öýkeni giňär!» diýp, güldi jemagat.

Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.
Şo gyz kämil çykyp, toýa şaýlandy.
Şonda ol gözeliň ikinji sapar
Owadan gözlerne duman aýlandy.

«Aýu, tula, begenjiňe aglaýaň?»
Diýip, ýomak atyşdylar gelinler.
Entek nämäň-nämedigini aňmaýan
Gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler.

Soň ýene aý ötdi. Ötdi köp bahar.
Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady.
Şonda şol gözelmiz üçünji sapar,
Soňky sapar için tutup aglady.

Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy
Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada.
Diýdi il ýene-de juda sogduryp:
«Maşgalada öýke-de bor, kine-de!»

Paşmadyk umytlaň gizläp ahyny,
Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy?
Sen aýt, märeke, aýt, ahyry,
Saňa biperwaýlyk, endikmi, kärmi?

Neçün ýagşylyga ýorýaň agyny?
Seniň üçin hemmeje zat gül ýaly.
Gözýaş bilen egsip ýürek dagyny
Aglanlaryň oňatmyka ykbaly?

Hemme kişi bagtly güni aglanok,
Adam diýen gülenogam hesretden.
Eý, märeke, hiç düşünip bilemok.
Mähirlimiň?
Gaharlymyň?
Näme sen?

Gurbannazar Ezizow
11
372
Dowran...
16 Aprel 2020
Howa gowy hudaya sukir
Citc8rcr8cy8jn
16 Aprel 2020
Salam dowran hudaya sukur gowy ozin nahili?‍♀️
Citc8rcr8cy8jn
16 Aprel 2020
Hm?bilemok dertlem dertla dusunenok men pikirimca
Dowran...
16 Aprel 2020
Ine su tymsal yankyn yzyna dusip gelen adamlar name sebapden yany hemme zady mert cekip indi bu yere gelip agladyn dp sorapdyrlar welin men yanky yerde aglasam hic kim derdime dusinmez we men cekyan jebirime dusinman sermende diyerler gulerler diyipdir ana son un men derdi mertlik bn cekdim diyipdir ine bu bolsa men derdimi on cekip goren mana dusinya diyipdir son un her kim oz agyryan uerini tutya diyilyani
Dowran...
16 Aprel 2020
Salam merjen gowymy edil ol diyyanin bn ylalasamok yone dowur sona barya herkimin oz gaygysy kel gyzyn ar gaygysy diyilya soda . Bir hekayat bar ir dowur bir adamy jemagatyn oninde jezalandyrypdyrlar ogurlukmy bilemok bir etmis un elini tirseginden çapyp sonam gaynap duran yaga batyryalar welin jezalandyrylyan gaty mer eken yanky sesini cykarmandyr jezasyny alyp bir koce bilen ylgap gidipdir we bir howla baryp ozi yaly bir eli golak biri bn gujaklasyp ses edip aglap baslapdyrlar
Dowran...
16 Aprel 2020
Salam jennet sag bol
Paradise
16 Aprel 2020
Gowy gosgy eken yurege yakyn
Dowran...
16 Aprel 2020
Salam yegen gowymy yagdayyn
Dowran...
16 Aprel 2020
Salam yegen gowymy yagdaylar yoklay yatjakla yatyranoklar
Bts
15 Aprel 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.