Berdi s ý
15.01.2020 11:50
Bu gün dostluk hakynda post.

Pikir etdim bu gün dostluk hakynda.
Dostlukdaky dogry sözlük hakynda.
Dost men diyip şat günüñde gelen däl!
Gara güni deñ çeken mert hakynda.

Dostluk barmy diýýänlere jogabym:,,bar". Yone oña düşmak gerek onnan soñ saklamak gerek. Mańa duşmady diýýäñmi??? Duşandyr yone sen duýan dälsiñ ya-da kabul eden dälsiñ?.

Kerim aga dost hakynda...
Dost.

Adam adam adyn alaly bäri
Bir ýumrugy – toýly,
Birisi – ýasly.
...Dosty soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Edil gapdalynda toý tutýar dosty.

Ýöne weli bu dost
Hakyky dostdy –
Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,
Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi...
Emma şaha-şaha,
şatut dek ogul
Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.
Peýda berenokdy hiç hili melhem.
Dostuň dosta eden melhemlerinden
Dirilip bilerdi,
Belki, öli hem.

Emma dirä weli şypa ýetmedi:
Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,
Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly
Ýaş enäň etegne gaçjakdy ertir.

Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –
Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,
Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –
Bir madda boýunça
Kesýärdi
Höküm.

...Bu gezek Höküme howlukmady ol.
Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.
Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,
Bu günem uzatdy
Bir oýmak hesel.

Diýmeli, yzyna tesipdir Kesel.
Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.
Enesi gülledi misli bir erik,
Aýaly açyldy misli bir bägül.

Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.
Ol diýdi: «Nämüçin şu wagta çenli
Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.
Ataryň gazany! Getiriň gelni!
Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,
Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.
Aý, onsoňam, näme... dostumyň toýy...
Belki bir käsejik
Urarsam şo gün...»

Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.
Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.
Tans edip başlady ýigitler, gyzlar...
Gün bolsa... ýaşypdy,
Ýaşypdy eýýäm.

Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat
Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!
Wah, ol şeýle welin,
bu günki Günüň
Ýaşyşy öňküden
Bolmaly başga.

Şol gün bilen
Bile ýaşmalydy ol –
Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.
Ýöne Dost toýuny bozmazlyk üçin
Keseller içinde iň Zalym bilen
Başa-baş söweşe girişipdi ol.
Ýok, ol edenokdy ölümden heder.
Diňe birje zatdan heder edýärdi:
«Toýy bulaşdyrsam,
Il-günüm näder?!

Men diri bolmaly. Diňe diri däl,
Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –
Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.
Adamlyk tohumy gutarar ýogsa...»

...Bir howlyň içine syganok ilat.
Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.
Ol bolsa
söweşip ýatan ýerinden
Guwanyp dostunyň uly toýuna,
Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna
Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.
Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,
Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.

Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.
Emma dowam edýär başa-baş söweş.
Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,
Ol onuň bogazna münene meňzeş –
Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.
Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.
Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň
Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.

Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –
Göýäki diýersiň, uly bir tupan
Ony ýykypdyr-da, emma henizem
Simler işläp ýatyr
myhyndan sypman.

Emma etjegini edipdi tupan.
Güýç barha keselden
Asgyn, asgyn, asgyn...
Onýança-da dosty gapydan girdi.
Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»
– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.

Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.
– Onda eliň äber...

Toý gutly bolsun!...

Men gitdim...

Hyrk boldy.
Sogruldy jany.

? ýaly dostuñ bolsun ýöne, ykbaly beýle bolmasyn???.
18
691
Berdi s ý
13.01.2020 16:13
Edebiyat äleminden parçalar. Ýagşyny ýaýmak, ýamany ýazgarmaklyk hakynda . . .


Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem,
adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman
işleriň başyny tutýan adamlardyr.
* * *
Eger haýyr-yhsan işlerden galanyňy duýsaň, onda onuň yzyndan ýetmäge çalyş. Eger şer işleriň seniň yzyndan ýetenini duýsaň, onda yzyňa seretmän ondan
gaçmaga çalyş.
* * *
Dogruçyllyk — salamat, kezzaplykdyr, ýalançylyk bolsa hyýanatdyr.
* * *
Eger sizden: «Haýsy günä işleriň jezasy tiz bildirer?» diýip sorasalar onda: «Garyndaşlar bilen araňy üzmek we aşa tamakinçilik» diýip jogap beriň.
* * *
Eger baýlyk ondan peýdalanyp bilmeýäniň elinde, gylyç ony ulanyp bilmeýän
esgerde we pikir ony gündelik durmuşynda ulanmaýan ynsanda bolsa bu dünýäniň işleriniň bulaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
* * *
Geçirimlilik ýa-da ötünç soranyňda ýa-da gazaplananyňda sözünde degişme bolmasyn. Geçirimlilik eden adamyňa şol bir günäsi üçin täzeden gazaplanma.
* * *
Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň
biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý etseň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.
* * *
Bilgin, kimdir birine haýbatyňy bildirmek üçin gaty ses bilen gygyrmak hökman däl.
* * *
Akyl, paýhas we synçylyk seni köp bela-beterden halas eder, başyňy aman
saklar. Gyssanmaçlyk we nadanlyk başa bela getirip, ony pyssy-pujurlyga
gönükdirer we il arasynda masgara eder.
* * *
Kä halat kalbyň owazyna diňşirgen. Sebäbi päk kalpdan çykýan owaz päk ýoly salgy berer.
* * *
Zulum edilene ýardam beriň. Sebäbi zulum edilen adam ejizdir. Ejiz ynsan bolsa hemişe kömege mätäçdir.
* * *
Gedemlikden we gopbamsylykdan daşda duruň. Toprakdan ýaradylyp, ertir
ýene-de şoňa dolanyp barjagyna gözi ýetip duran, etiniň mör-möjeklere huruş
boljagyny bilýän, bu gün diri bolsa-da, ertir öljegine aň ýetirýän ynsana gedemlik etmek laýyk däldir.

«Möminleriň emiri Abu Bekr Syddygyň pähimlerinden dostuň dosta peşgeşi» atly kitapdan gysgaldylyp alyndy.
17
609
Berdi s ý
12.01.2020 11:33
Bankda hasabyñyzyñ bardygyny we oña her gün irden 86400 $ goýulýandygyny pikir ediñ. Agşama çenli bu puly ulanmaly. Pul ulanylmadyk ýagdaýynda köýýär. Şonuñ ýaly bolanda nädersiñiz?! Elbetde hemmesini sowmaga howlugarsyñyz. Hemmämiz bu WAGT atly bankyñ müşderileridiris.
- Her gün irden 86400 sekunt (24sagat) berilýär. Bu güni ýagşy işler sarp etmäge çalyş.! Her gün hasabymyz täzeden başlanýar. Her wagty öz wagtynda harçla!
- Bir ýylyñ gadyryny synpyndan galan okuwçydan sorañ!
- Bir aýyñ gadyryny 8 aýlyk çaga doguran eneden sorañ!
- Bir hepdäniñ gadyryny hepdelik gazet çykarýandan sorañ!
- Bir sagdyñ gadyryny duşuşyga garaşýan ýaşlardan sorañ!
- Bir minudyñ gadyryny otla ýetişmedik ýolagçydan sorañ!
- Bir sekundyñ gadyryny awtomobil heläkçiliginden zordan gutulan sürüjiden sorañ!
- Bir milli sekundyñ gadyryny olimpiadada kümüş medal alan ylgaýjydan sorañ!
Her wagty tygşytly ulan, ony dogry we dürs geçir! Unutma! Wagt hiç kim üçin durmaz. Geçen wagt taryh, geljek bolsa bilinmeýän bir syrdyr.
Diñe şu wagtyñ özi saña berlen sowgatdyr.

Çemen Çalyýewa mugallym.
26
1 035
Berdi s ý
11.01.2020 02:18
Mmmmmm ilki bn ahliñize salam giç yagşy gowmy ýagdaýlaryñyz. Bu gün gürleýişdaki ýalñyşlarymyz barada, tekepbirlik, delilsizlik we manysyz jedel barada kelam agyz paýlaşmakçy. Başyny hekaýa bn başlajak. Gysgaldyp alandygym ün bagyşlañ.

Gadym dowurde bir patşa düýş görýä. Düýşinde agzyndaky bar dişi dökülenmiş. Gorkudan turan patyşa wezirine düýş yorýanlary getirmegini buyurya. Ertesi gün ahlisini jemläp düýşini aytya. Şonda olaryñ içinden biri çykyp patşanyñ düýşini şeýle ýorýa. ,, patşahym siziñ garyndaşlaryñyz sizden öñ öler ''. Patyşañ bu söze gahary gelipdrde yañkyny ölüme buýurýar. Soñ yene kim yorup biljek diyen mahaly ,, men yorayyn '' dp biri cykýar.
-Ol ,,patşahym siz ähli garyndaşlaryñyzdan uzak ýaşarsyñyz'' diyyar.
Patyşa:
-,,ine bu bolya'' diyyade wezire halat serpaýyñ ugryna çykmagy buýurýa.
(Gysgaldylyp alyndy)

Görüp otyrsak iki jogap hem dogrydy ýöne aydylşy aýry. Ýöne sözleri ýerinde goýup aýdan bolsa birinji münejjim hem ölüme höküm edilmezdi. Şonuñ un sözleýişde 1 sözlemiñ birnaçe aýdylşy bolup biler. Yone sen şolaryñ iñ gowysyny göwne degiji däl bolanyny saýla. Hazir kimden sorasañ 5 gün ýalançydaaa diýer. Şoñ un bir biregiñ göwnüne degjek sözleri aytmak ya yazmak nm gerek(Mendede yok däl. Eger gabatlaşan bolsak bagyşlañ). Yada ozüñe aydylan gödek sözlere gaharlanman düşündirip bolýan wagty dawalaşmakda nm many bar? Kiçeltyalermi goý kiçeltsin. Kimiñ nahilidigini il bilýara. Şonuñ un : ,,hoşamaý mylaýym süji sözli boluñ'' (Pygamberimiziñ sözleri we bize ündeýän häsiýetleri).

Anyk däl zatlar barada söz açmañ. Bilmeýän zatlaryñyzy sorañ. Egerde delil bilen gürlenende tekepbirlik edip, ol adamyň garşysyna çyksañ, garşy çykan adamyñdan utanmazlyk üçin özüñe gaçybatalga gözläber.

Jedeller barada aytsak nadan adam jedelde ýeňse-de nadanlygyna galýar. Akylly adam jedelde ýeňilse-de, akyllylygyna galýar. Akyllynyň nadandan jedelde ýeňilmegi onuň abraýyny jinnik ýaly hem kemeltmeýär. Hatda nadan hem özüniň akyllydan pesdigini bilýär, emma bu hakynda boýun alasy gelmeýär.

Akyllynyñ mydam ýoly ak bolar,
Nadan kemçiligin dostundan görer.

Pikirleniñ öz durmuşyñyzy biderek uruş-sögüşler bn kynlaşdyrmañ. Hoş ahlakly, dürs sözli, ýagşy niýetli boluñ.
15
876
Berdi s ý
10.01.2020 01:19
Name ücin bu agajyñ rowaýaty meşhur bolmady?


...Hint binti Jewn aşakdaky wakany gürrüň beripdir: «Bir gezek Resulalla daýzam Ümmi Magbadyň çadyryna geldi. Biraz ýatyp, ukusyndan turup, soň suw getirdip elini ýuwdy. Soň agzyny çaýkady we çadyryň gapdalynda ösüp oturan pessejik agajyň düýbüne agzyny çaýkan suwuny dökdi. Biz ertir irden turup görsek ýaňky agaç äpet daragt bolaýypdyr. Onuň miwesi hem şeýle uludy welin, heý, goýaý. Reňki sarydy. Ysy anbaryňky ýalydy. Tagamy bal ýalydy. Hemmämiz ondan, tä doýýançak iýdik. Suwsuzlygymyz gandy. Syrkawlarymyz sagaldy. Onuň ýapragyndan iýen düýedir-goýunlaryň süýdi şeýle bol boldy. Biz oňa mübärek diýip at goýduk. Ol biziň jülgämizi suw we azyk bilen üpjün edýärdi.
Emma bir gün biz irden turup görsek onuň miweleri gaçypdyr, ýapraklary kiçelipdir. Biz gorkduk. Şol gün hem Resulallanyň ölüm habaryny eşidip haýran galdyk.
Soň ýene otuz ýyldan ýaňky agajyň boýdan-başa hemme ýeri durşuna tiken bolupdyr. Miweleri hem gaçypdyr. Görki gidipdir. Şol gün hem Hezret Alynyň öldürilendigini eşitdik. Bu agaç mundan soňra hiç haçan miwe bermedi. Biz onuň diňe ýapragyndan peýdalanyp başladyk.
Soň ýene bir gün turup görsek, onuň şahalaryndan erbet gan akýar we ýapraklary gurapdyr. Biz gynanyp otyrkak, Hezreti Hüseýiniň öldürilendiginiň habary geldi. Agaç hem gurady we yzyndan hem ýok bolup gitdi.
Bu ýerde haýran galmaly zat, näme üçin bu agajyň rowaýaty meşhur bolmady. Ýogsa, goýun bilen baglanyşykly rowaýat, kyssalaryň arasynda meşhur bolup galdy ahyry?...

,, Ýagşyzadalaryň bahary ''
15
828
Berdi s ý
09.01.2020 00:11
Bu gün ýenede siz bn goşgy paýlaşmakçy. Şygyrdaky waka hakynda her biriñiz öz pikiriñizi ýazyñ.


Ýaryna garaşan aşyk ýigit hakynda hekaýat.


Aýtjak hekaýatym-gadym bir çakda, Çyndan yşka düşen bir ýigit hakda.

Ýigit näçe örtense-de, ol gyzyň Köp wagt çekmeli bolupdyr näzin.

Umytly ýaşamak – gowy gylykdyr, Şatlygyň çeşmesi – sabyrlylykdyr.

Gyz ýigdiň umydyn çykarman puja,
Bir gün diýýär oňa: «Men şu gün gije

Seňkä barjak ilden özümi gizläp, Uklaýman oturgyn ýoluma gözläp.»

Ýigit iç gepledýär: «Tüýs bagtym geldi, Täleý gülüp bakdy, ykbalym güldi».

Ýaryndan şu hili hoş sözi eşden
Ýigit gözlerini ýaşlap begençden,

Hudaýyň ýoluna bir owlak soýup,
Bar işi-pişesin bir ýana goýup,

Begenjinden sabry-karary gaçyp,
Uzak güni geçirse-de garaşyp,

Beýnä dolup ýadawlygyň dumany,
Uklap galanmyşyn undup dünýäni.

Sözünde tapylyp, gijäň bir wagty
Gelipdir onuňka arzyly bagty.

Seretse, ol ýigit düşegne geçip,
Ap-arkaýyn ýatymyşyn hor çekip.

Bu ýagdaýy gözi bilen gören gyz, Ýarynyň bolşuny synlap duran gyz,

Gözün ýaşlap, gama batmagyň ýerne, Bir gysym aşygy alyp ellerne,

Ýigdiň ýeňleriniň bir taýyn kesip, Durupdyr seredip, çykarman sesin.

«Oňarmaýan bolsaň, gyza garaşyp,
Öz deňleriň bilen oýnaber aşyk».

Diýipdir-de, ümsüm çykyp gidipdir.
Ýigit irden turup, için tutupdyr.

Görüp ke ýeňi, üýşmek aşygy,
Ahmyr bilen ýaýkapdyr-da başyny,

Diýipdir: «Hiç zady alamak göwne,
Bir özüm günäkär masgaralygma.

Bişowluga sebäp bolýan – özümiz, Masgara ýa heläk bolýan – özümiz.»


Jelaleddin Rumy ,, Meni kalbyñyzdan gözläñ''.
14
672
Berdi s ý
08.01.2020 13:50
SÖZÜNDE TAPYLMADYK DERWÜŞ HAKYNDA HAKAÝAT

Üşbu hekaýatyň manysy şunda, Sözüňde tapyljak bolgunyň sen-de.

Çekip il-ulusdan özüni çete,
Bir diwana derwüş ýaşapdyr ýeke.

Dagda bar getirýän daragtlar känmiş,
Ol miweden başga iýmit iýmänmiş.

Ol özüne söz beripdir şeý diýip:
«Diňe ýere gaçan miwäni iýip

Oňaryn daragta elim uzatman,
Şu beren sözümde duraryn hökman.»

Ötegçilere-de ýüz tutmazlyga,
Çalşypdyr wadasyn unutmazlyga.

Günler yz-yzyna geçip durupdyr.
Şemala miweler gaçyp durupdyr.

Birdenem tebigat tutup kejine,
Şemalyň ösmesi kesilýär, ine.

Özem beýle ýagdaý çekip kän güne, Ýaňky derwüş düşenmişin kyn güne.

Öwüsgin ýokmuşyn daş-töwerekde, Ýekeje miwe-de gaçmandyr hatda.

Biçäre derwüşiň agzyn suwardyp, Şahalarda almalar dur gyzarşyp.

Armytlaram sallanşyp dur enaýy,
Oň başy aýlanýar bakdygysaýy.

Derwüşiň açlykdan eňkamy gidip, Ýolupdur miweden elin uzadyp.

Biz gowy iş etsek, görýäs mazasyn, Erbet işlermiziň çekýäs jezasyn.

Derwüşiň ýaşaýan ýerine dogry,
Gelipdir şol gije bir topar ogry.

Bir çola jülgede ykjam jaýlaşyp,
Ogurlan zatlarny telläp, paýlaşyp.

Uzak gije şagal mesligin gurap,
Duýup özlerini howpdan yrak,

Oturan wagtlary ertesi irden
Ogrularyň daşy gabaldy birden.

Ol iliň şeýleräk kadasy bardy
– Olar ogryň sag elini çapýardy.

Ogurlyga ysmaz ýaly boguny, Çapýardylar ogruň çep aýagyny.

Şo golaýda ýaşap ýören derwüşem
Bir söý bilen olaň içine düşen.

Oňa-da mynasyp jeza tapyldy
– Sag eliniň barmaklary çapyldy.

Aýagny çapmaga gezek elende, Nökerleriň biri dillendi şonda:

«Bakyň muňa, ogry küje, zat küje?
Jeza berip keramatly derwüşe,

Günä galypdyrys özümiz» diýdi,
«Indi ýiter biziň yzymyz « diýdi.

Jeza beren nöker barmagny çapyp, Derwüşiň alnynda dyzyna çöküp,

«Günamizi ötüň!» diýip ýalbardy, Derwüş şonda oňa bakyp, ýylgyrdy:

«Bu işiňe ahmyr edip ýörmegin,
Gaty dogry maňa jeza bermegiň.

Bozdum men özüme beren wadamy, Bozdum men gadymdan gelýän kadany.

Hut şonuň üçinem, seň eliň bilen.
Maňa berlen jeza Taňrydan gelen.»

Jelaleddin Rumy ,, Meni kalbyñyzdan gözläñ''.
11
708
Berdi s ý
07.01.2020 17:41
Bir aýal şeý diýen çagyryp ärin:
«Seň eliňde itiň günün görýärin.

Ýaşap ýörüşimiz illere gülki,
Iýip-içýän zadymyz ýok bol-telki».

«Seň bu gepiň maňa ýarap duranok, Menem-ä şu öýde dek oturamok.

Kanagat et, bolma beýle ham-hyýal, Şükür, güzeranmyz oňuşmazça däl».

Diýip, sözläp başlan badyna äri,
Aýal ot alypdyr misli bir däri:

«Heý meniň illerden kem ýerim barmy? Gör ahyryn geýip ýören şylhamy.

Munda ne gelşik bar, ne-de bir ýakym. Ýa oňat geýnere ýokmy meň hakym?»

«Geýnişiňe haýpym gelýär meniň hem, Ýüpege çolardym gelse elimden.

Ýöne bir zat hakda pikirlen ilki, Ärsizlikden şu-da gowudyr, belki.

Ýekelik derdine bolaýsaň duçar,
Borsuň Hudaý uran, bagty pes naçar.

Giň bol, ähli zadyň tapylar täri!»
Diýip, gelniň başyn sypapdyr äri.

Jelaletdin Rumy. Eser,, Meni kalbyñyzdan gözläň ''
14
687
Berdi s ý
06.01.2020 02:35
Bir adam goňşusynyň ýanyna geldi, Möhüm iş barada maslahat saldy.

Olam içgin synlap sada goňşusyn, Diýdi: «Özgä maslahat sal gowsy sen.

Men seni halamok, ýadyňda sakla,
Şoň üçinem, beýle möhüm iş hakda

Degerli maslahat isleseň eger,
Sen başga birine sala salyp gör.

Men saňa peýdaly maslahat bermen, Näçe islesem-de, ony başarman.

Kim gurda ynansa goýun bakmagy,
Şo bolar adamyň iň bir akmagy.

Saňa duşmandygmy duýdurdym ýaňy, Bäsdeşler bir-birne ýagydyr-ýagy.

Zyýanyňa çapar ähli babatda,
Sen gowsy, pikirlen, aklyň dagytma.

Dostuň ýok däldir-ä? Bar bolsa eger,
Bu zatlar barada şoňa gürrüň ber.

Sözne gulak asyp ýörmän her kesiň, Dostuň bilen «Ýedi ölçäp, bir kesiň».

Diňläp goňşusynyň aýdan sözlerni, Ol şeýle diýipdir ýaşlap gözlerni:

«Bu gepiňi diňläp, seni söýdüm men, Käbir dostsumaklaň ýalan öwdünden,

Sen deý mert duşmanyň sözün diňlänim,
Ýüz esse peýdaly diýip bilýärin».

Jelaleddin Rumy ,, Meni kalbyñyzdan gözläñ''.
19
639
Berdi s ý
05.01.2020 20:06
Salam öwrenmelidaki oglanlar gyzlar. Regstrasiya bolan wagtym gije bolany un hemmanize giç yagsy diyesim gelya. Birinji postumy tanyslykdan başlamakçy nesip bolsa öwrenmelide kop zatlary owreners bilers bilyanjelerimi owredern paylasarn dp umyt edyan we hemmanize haýyrly agsamlar??
10
1 361