Berdi s ý
10.01.2020 01:19
Name ücin bu agajyñ rowaýaty meşhur bolmady?


...Hint binti Jewn aşakdaky wakany gürrüň beripdir: «Bir gezek Resulalla daýzam Ümmi Magbadyň çadyryna geldi. Biraz ýatyp, ukusyndan turup, soň suw getirdip elini ýuwdy. Soň agzyny çaýkady we çadyryň gapdalynda ösüp oturan pessejik agajyň düýbüne agzyny çaýkan suwuny dökdi. Biz ertir irden turup görsek ýaňky agaç äpet daragt bolaýypdyr. Onuň miwesi hem şeýle uludy welin, heý, goýaý. Reňki sarydy. Ysy anbaryňky ýalydy. Tagamy bal ýalydy. Hemmämiz ondan, tä doýýançak iýdik. Suwsuzlygymyz gandy. Syrkawlarymyz sagaldy. Onuň ýapragyndan iýen düýedir-goýunlaryň süýdi şeýle bol boldy. Biz oňa mübärek diýip at goýduk. Ol biziň jülgämizi suw we azyk bilen üpjün edýärdi.
Emma bir gün biz irden turup görsek onuň miweleri gaçypdyr, ýapraklary kiçelipdir. Biz gorkduk. Şol gün hem Resulallanyň ölüm habaryny eşidip haýran galdyk.
Soň ýene otuz ýyldan ýaňky agajyň boýdan-başa hemme ýeri durşuna tiken bolupdyr. Miweleri hem gaçypdyr. Görki gidipdir. Şol gün hem Hezret Alynyň öldürilendigini eşitdik. Bu agaç mundan soňra hiç haçan miwe bermedi. Biz onuň diňe ýapragyndan peýdalanyp başladyk.
Soň ýene bir gün turup görsek, onuň şahalaryndan erbet gan akýar we ýapraklary gurapdyr. Biz gynanyp otyrkak, Hezreti Hüseýiniň öldürilendiginiň habary geldi. Agaç hem gurady we yzyndan hem ýok bolup gitdi.
Bu ýerde haýran galmaly zat, näme üçin bu agajyň rowaýaty meşhur bolmady. Ýogsa, goýun bilen baglanyşykly rowaýat, kyssalaryň arasynda meşhur bolup galdy ahyry?...

,, Ýagşyzadalaryň bahary ''
15
828
Berdi s ý
10 Yanwar 2020
Taryhy waka. Sps +1❤
Berdi s ý
10 Yanwar 2020
...Tuba agaç saýa salar üstüne Hakyñ jemalyny görse gerekdir... Ämin dost.
Berdi s ý
10 Yanwar 2020
Bolýa sañada sps☺
Berdi s ý
10 Yanwar 2020
Salam Alfiýa. Sebabini bilmedik?.
Berdi s ý
10 Yanwar 2020
Sps hemmañize. teswiriñiz un?
ALFIYA
10 Yanwar 2020
salam hava name ucinka??????
ufc
10 Yanwar 2020
goy hemme musulmanlara ahyretde behishde girip shol agajyn sayasynda bolmak nesip etsin.
Gülhan
10 Yanwar 2020
+♥️. Пайлашаныныз учин саг болун.
Serfar
10 Yanwar 2020
?????
babamyrat
10 Yanwar 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.