Bu gün ýenede siz bn goşgy paýlaşmakçy. Şygyrdaky waka hakynda her biriñiz öz pikiriñizi ýazyñ.
Ýaryna garaşan aşyk ýigit hakynda hekaýat.
Aýtjak hekaýatym-gadym bir çakda, Çyndan yşka düşen bir ýigit hakda.
Ýigit näçe örtense-de, ol gyzyň Köp wagt çekmeli bolupdyr näzin.
Umytly ýaşamak – gowy gylykdyr, Şatlygyň çeşmesi – sabyrlylykdyr.
Gyz ýigdiň umydyn çykarman puja,
Bir gün diýýär oňa: «Men şu gün gije
Seňkä barjak ilden özümi gizläp, Uklaýman oturgyn ýoluma gözläp.»
Ýigit iç gepledýär: «Tüýs bagtym geldi, Täleý gülüp bakdy, ykbalym güldi».
Ýaryndan şu hili hoş sözi eşden
Ýigit gözlerini ýaşlap begençden,
Hudaýyň ýoluna bir owlak soýup,
Bar işi-pişesin bir ýana goýup,
Begenjinden sabry-karary gaçyp,
Uzak güni geçirse-de garaşyp,
Beýnä dolup ýadawlygyň dumany,
Uklap galanmyşyn undup dünýäni.
Sözünde tapylyp, gijäň bir wagty
Gelipdir onuňka arzyly bagty.
Seretse, ol ýigit düşegne geçip,
Ap-arkaýyn ýatymyşyn hor çekip.
Bu ýagdaýy gözi bilen gören gyz, Ýarynyň bolşuny synlap duran gyz,
Gözün ýaşlap, gama batmagyň ýerne, Bir gysym aşygy alyp ellerne,
Ýigdiň ýeňleriniň bir taýyn kesip, Durupdyr seredip, çykarman sesin.
«Oňarmaýan bolsaň, gyza garaşyp,
Öz deňleriň bilen oýnaber aşyk».
Diýipdir-de, ümsüm çykyp gidipdir.
Ýigit irden turup, için tutupdyr.
Görüp ke ýeňi, üýşmek aşygy,
Ahmyr bilen ýaýkapdyr-da başyny,
Diýipdir: «Hiç zady alamak göwne,
Bir özüm günäkär masgaralygma.
Bişowluga sebäp bolýan – özümiz, Masgara ýa heläk bolýan – özümiz.»
Jelaleddin Rumy ,, Meni kalbyñyzdan gözläñ''.