Berdi s ý
15.01.2020 11:50
Bu gün dostluk hakynda post.

Pikir etdim bu gün dostluk hakynda.
Dostlukdaky dogry sözlük hakynda.
Dost men diyip şat günüñde gelen däl!
Gara güni deñ çeken mert hakynda.

Dostluk barmy diýýänlere jogabym:,,bar". Yone oña düşmak gerek onnan soñ saklamak gerek. Mańa duşmady diýýäñmi??? Duşandyr yone sen duýan dälsiñ ya-da kabul eden dälsiñ?.

Kerim aga dost hakynda...
Dost.

Adam adam adyn alaly bäri
Bir ýumrugy – toýly,
Birisi – ýasly.
...Dosty soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Edil gapdalynda toý tutýar dosty.

Ýöne weli bu dost
Hakyky dostdy –
Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,
Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi...
Emma şaha-şaha,
şatut dek ogul
Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.
Peýda berenokdy hiç hili melhem.
Dostuň dosta eden melhemlerinden
Dirilip bilerdi,
Belki, öli hem.

Emma dirä weli şypa ýetmedi:
Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,
Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly
Ýaş enäň etegne gaçjakdy ertir.

Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –
Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,
Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –
Bir madda boýunça
Kesýärdi
Höküm.

...Bu gezek Höküme howlukmady ol.
Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.
Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,
Bu günem uzatdy
Bir oýmak hesel.

Diýmeli, yzyna tesipdir Kesel.
Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.
Enesi gülledi misli bir erik,
Aýaly açyldy misli bir bägül.

Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.
Ol diýdi: «Nämüçin şu wagta çenli
Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.
Ataryň gazany! Getiriň gelni!
Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,
Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.
Aý, onsoňam, näme... dostumyň toýy...
Belki bir käsejik
Urarsam şo gün...»

Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.
Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.
Tans edip başlady ýigitler, gyzlar...
Gün bolsa... ýaşypdy,
Ýaşypdy eýýäm.

Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat
Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!
Wah, ol şeýle welin,
bu günki Günüň
Ýaşyşy öňküden
Bolmaly başga.

Şol gün bilen
Bile ýaşmalydy ol –
Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.
Ýöne Dost toýuny bozmazlyk üçin
Keseller içinde iň Zalym bilen
Başa-baş söweşe girişipdi ol.
Ýok, ol edenokdy ölümden heder.
Diňe birje zatdan heder edýärdi:
«Toýy bulaşdyrsam,
Il-günüm näder?!

Men diri bolmaly. Diňe diri däl,
Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –
Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.
Adamlyk tohumy gutarar ýogsa...»

...Bir howlyň içine syganok ilat.
Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.
Ol bolsa
söweşip ýatan ýerinden
Guwanyp dostunyň uly toýuna,
Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna
Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.
Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,
Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.

Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.
Emma dowam edýär başa-baş söweş.
Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,
Ol onuň bogazna münene meňzeş –
Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.
Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.
Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň
Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.

Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –
Göýäki diýersiň, uly bir tupan
Ony ýykypdyr-da, emma henizem
Simler işläp ýatyr
myhyndan sypman.

Emma etjegini edipdi tupan.
Güýç barha keselden
Asgyn, asgyn, asgyn...
Onýança-da dosty gapydan girdi.
Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»
– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.

Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.
– Onda eliň äber...

Toý gutly bolsun!...

Men gitdim...

Hyrk boldy.
Sogruldy jany.

? ýaly dostuñ bolsun ýöne, ykbaly beýle bolmasyn???.
18
691
liliya
17 Yanwar 2020
manyly govy goshgy?❤
Berdi s ý
16 Yanwar 2020
Salam myhman dost. Jaýy jennetde bolsun( gynandym ? ).
Myhman Myhman
16 Yanwar 2020
Salam berdi dosd hakdaky gosgy gowy eken edil buwaka bizdede boldy toy giyjesi yogalypdy ozi talyp bolup 1nji sentyabyr 2017yadan cykmajak gun sony yadma saldy
Berdi s ý
15 Yanwar 2020
Sps☺
Lion
15 Yanwar 2020
? gaty gowy
Berdi s ý
15 Yanwar 2020
Bagyşlañ gynandyranym üçin islendik gynançly zady okanyñda her hili gynanyañ. Meselem goşgyda goşgydaky adama gynanmak we goşgydaky ýagdaýy özünde dp kabul etmek bar. Özüñde dp hasap edeniñ has gynançly( käte gözüñe ýaş gelenini duýman galýañ? ) bolya. Diýjeklerim diñe dosta dogana däl hemme ýakynlarñyza mähirli boluñ. Bu günki güni gördük ýöne ertirki güni görjegimiz belli däldir?.
Berdi s ý
15 Yanwar 2020
Tagtabazar
Cigildem
15 Yanwar 2020
????+❤
MukamB
15 Yanwar 2020
Maryň nirinden dost sen
Berdi s ý
15 Yanwar 2020
Sizede sps.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.