Bir aýal şeý diýen çagyryp ärin:
«Seň eliňde itiň günün görýärin.
Ýaşap ýörüşimiz illere gülki,
Iýip-içýän zadymyz ýok bol-telki».
«Seň bu gepiň maňa ýarap duranok, Menem-ä şu öýde dek oturamok.
Kanagat et, bolma beýle ham-hyýal, Şükür, güzeranmyz oňuşmazça däl».
Diýip, sözläp başlan badyna äri,
Aýal ot alypdyr misli bir däri:
«Heý meniň illerden kem ýerim barmy? Gör ahyryn geýip ýören şylhamy.
Munda ne gelşik bar, ne-de bir ýakym. Ýa oňat geýnere ýokmy meň hakym?»
«Geýnişiňe haýpym gelýär meniň hem, Ýüpege çolardym gelse elimden.
Ýöne bir zat hakda pikirlen ilki, Ärsizlikden şu-da gowudyr, belki.
Ýekelik derdine bolaýsaň duçar,
Borsuň Hudaý uran, bagty pes naçar.
Giň bol, ähli zadyň tapylar täri!»
Diýip, gelniň başyn sypapdyr äri.
Jelaletdin Rumy. Eser,, Meni kalbyñyzdan gözläň ''