Edebiyat äleminden parçalar. Ýagşyny ýaýmak, ýamany ýazgarmaklyk hakynda . . .
Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem,
adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman
işleriň başyny tutýan adamlardyr.
* * *
Eger haýyr-yhsan işlerden galanyňy duýsaň, onda onuň yzyndan ýetmäge çalyş. Eger şer işleriň seniň yzyndan ýetenini duýsaň, onda yzyňa seretmän ondan
gaçmaga çalyş.
* * *
Dogruçyllyk — salamat, kezzaplykdyr, ýalançylyk bolsa hyýanatdyr.
* * *
Eger sizden: «Haýsy günä işleriň jezasy tiz bildirer?» diýip sorasalar onda: «Garyndaşlar bilen araňy üzmek we aşa tamakinçilik» diýip jogap beriň.
* * *
Eger baýlyk ondan peýdalanyp bilmeýäniň elinde, gylyç ony ulanyp bilmeýän
esgerde we pikir ony gündelik durmuşynda ulanmaýan ynsanda bolsa bu dünýäniň işleriniň bulaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
* * *
Geçirimlilik ýa-da ötünç soranyňda ýa-da gazaplananyňda sözünde degişme bolmasyn. Geçirimlilik eden adamyňa şol bir günäsi üçin täzeden gazaplanma.
* * *
Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň
biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý etseň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.
* * *
Bilgin, kimdir birine haýbatyňy bildirmek üçin gaty ses bilen gygyrmak hökman däl.
* * *
Akyl, paýhas we synçylyk seni köp bela-beterden halas eder, başyňy aman
saklar. Gyssanmaçlyk we nadanlyk başa bela getirip, ony pyssy-pujurlyga
gönükdirer we il arasynda masgara eder.
* * *
Kä halat kalbyň owazyna diňşirgen. Sebäbi päk kalpdan çykýan owaz päk ýoly salgy berer.
* * *
Zulum edilene ýardam beriň. Sebäbi zulum edilen adam ejizdir. Ejiz ynsan bolsa hemişe kömege mätäçdir.
* * *
Gedemlikden we gopbamsylykdan daşda duruň. Toprakdan ýaradylyp, ertir
ýene-de şoňa dolanyp barjagyna gözi ýetip duran, etiniň mör-möjeklere huruş
boljagyny bilýän, bu gün diri bolsa-da, ertir öljegine aň ýetirýän ynsana gedemlik etmek laýyk däldir.
«Möminleriň emiri Abu Bekr Syddygyň pähimlerinden dostuň dosta peşgeşi» atly kitapdan gysgaldylyp alyndy.