Berdi s ý
11.03.2020 00:07
Her bir adam ullakan bir çaga.
Bir zat isleýän wagty çagalaryň gañryşyna gaýtsaň, gaýta olaryň hötjetligi artýar. Onsoň, diýeniňi etdirmek ün höre-köşe bilen olary özüňe çekmek gerek bolýar.
Uly adamlar, deň-duşlar bilenem süsek öküz ýa-da depegen düýe ýaly boluberseň, düzüwli netije gazanmarsyň. Çagalary nädip özüňe çekýän bolsaň, şeýdip ulularyň hem göwnüni tap. Utanmazdan çekinmezden, ýuwaş-ýuwaşdan olara täsiriňi ýetir. Hersiniň aklyna görä çemeleş. Olaryň parhly düşünjesi, ylym-bilimi, medeniýeti we dini asla päsgelçilik däldir. Gaýta şol tapawutlylyk olar bn asuda, agzybir ýaşamaga saňa kömek edýän bir sebäpdir. Maşgala durmuşynda hem hemişe geçirimlilige meýilli bol.
Maşgala başyň täjidir.
14
441
6
Berdi s ý
10.03.2020 23:12
Erkek adamlar häsiýetleri babatda dürli-dürli bolsalarda, bir häsiýet boýunça olaryň ählisi birmeňzeşdir: olaryň hiç birisi hem kejir zenanlary halamaýarlar.
Zenan maşgala öýde özüni erkek adam ýaly alyp barsa, adamsynyň bir sözünem boş goýmasa, heniz sözüni soňlamanka, jogabyny bermäge häzir bolsa, erkegiň her bir häsiýeti üçin dikleşip durjak bolsa, onuň zenanlyk häsiýetinden nam-nyşan galmadygy bolar.
15
560
8
Berdi s ý
10.03.2020 01:13
Görýän göze garaňkylyk perde bolmaz. Görmek islemeýän göze ýagtylyk näme etsin. Hz. Aly r.a
11
497
6
Berdi s ý
09.03.2020 12:23
Ýeňilleşdiriň kynlaşdyrmaň! Begendiriň ýigrendirmäň! Dogry söz dostdur. Özüňe zyýan ýetse-de, dogry sözlemek mertlikdir we abraýlylykdyr.
13
425
4
Berdi s ý
09.03.2020 12:22
Kösençlik we nygmat.
Agyry-ynjy, görgi çekmek elmydama ýazgarylýan, ýigrenilýän zat däldir, gaýta käteler bendäniň görgi görmeginde, kösenmeginde önuň üçin örän kän peýda bardyr. Kösençlik çekýän wagtyňyzda Hudaýa edýän gyzgyn dileg-dogalaryňyz
halys ýürekden çykýandyr. Dert-agyry bilen gurşalan wagtyňyz sydky-köňülden tesbihler aýdýansyňyz. Ylym gazanylýan möwsüminde talybyň gören kösençlikleri we gerdeninde göteren ýüki ugurtapyjy, başarjaň bir alymy hasyl edýär. Ilkibaşda kynçylyklar bilen ýanyp-bişen talyp, ahyrynda Gün deýin ýalbyrap dogýar, ýagtyylyk saçýar. Şahyryň durmuş ýolundaky örtenmeleri we başdan geçirmeleri täsirli hem-de maýyl ediji eserleri döretmegine esas bolýar. Çünki ol külpetleri kalby, süňňi bilen duýýar. Öz setirleri bilen ony özgeleriň ýüregine haşamlap, nagyş salýar – duýgular gozganýar, ýürekler gobsunýar. Ýazyjynyň başdan geçirmeleri, kösençlikleri nakyllaryň, şekilleriň, ýatlamalaryň arasyna siňip, ölmez-ýitmez we özüne çekiji eseriň döremegine getirýär.
Süýji, bol-telki, aladasyz durmuşda ýaşan, hiç hili kösençlik çekmedik, kynçylyklaryň neşterine awunmadyk, külpetler bilen ýygrylyp-ýazylmadyk talyp ýalta, ysgynsyz, ugursyz bolup galar. Agyry-ýezetiň nämedigini bilmeýän, durmuşyň ajysyny-turşusyny datmadyk şahyryň goşgulary bimany gürrüňleriň topbagy we köpürjik deýin sözleriň üýşmegidir. Sebäbi bu sözler, setirler olaryň wyždanyndan dömmedik, düşünjesinden syrygmadyk, kalbyna, süňňüne ornamadyk duýgulardyr. Ol diňe dil ujundan çykan şygyrlardyr.
11
284
4
Berdi s ý
08.03.2020 02:31
ZYÝADA
Üşän çagym ýylanyp, ajygamda doýardym,
Mähir ýokdur, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Düýşde didaryň görüp, bagtdan syçrap oýandym,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Sen ýylgyryp bakaňda dünýäm güle dönerdi,
Şar gara gözleriňden behişt nury ýagardy.
Gara başym sypasaň, oglan göwnüm ganardy,
Mähir ýokdur, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Niçik mähriban Diýar, niçik gudrat garaýyş,
Sen bagryňa basaňda umma gitdi gara gyş.
Eje jan, nazar salsaň, gara daglar eremiş,
Mähir ýokdur, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Eje jan, seň didaryň şuglasyn saçyp durdy,
Keramatdy, keremdi, jana hümmetli nurdy.
Meger, seniň bakyşynda Allaň gudraty bardy,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Bir-de, nurana Gündüň, bir-de mähir deňzimdiň,
Göge uçsam ganatym, ýerde şypa-emimdiň.
Huşumda hem düýşümde Howenä meňzediň,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Hakydamda ýylgyryp, ýaşap ýörsüň hemişe,
Maňa ylham berýärsiň, başlanymda her işe.
Sapar diýer, başyma gonan döwlet-perişde,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Hormatly agzalar we myhmanlar ( gyzlar ) ,, Halkara zenanlar " güniñiz gutly bolsun. Gutlamak bilen size berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny, durmuşda öz halan ornuňyzy eýelemegiňizi arzuw edýän. Ýenede baýramlaryňyz gutly mübärek bolsun.
15
484
9
Berdi s ý
07.03.2020 18:52
Ilki ýylgyryñ.
Aram gülki ünjüleriň dermany, gaýgy-gamlaryň, hesretleriň melhemidir. Göwni göterip, ýüregi şatlandyrmakda onuň täsin güýji we tasiri bardyr. Abu ad- Derda hezretleri “Gülki bilen ýüregime dem-dynç berýärin, özümi dürseýärin” diýer eken.
Gülki, şadyýanlyk giňgöwünliligiň çür başy, rahatlygyň ýokary derejesi, keýpiköklügiň esasy mesgenidir. Ýöne bu öte geçmeýän gülkiniň gürrüňidir. “Aşa köp gülmäň, ýerliksiz we hetdenaşa gülki ýüregi öldürýändir” diýen söz hem bar. Ýakymly ýylgyryşlar, aram gülküler -- ähli göwnüň küýsegi: “Dost-doganyň ýüzüne ýylgyryp bakmak sadakadyr” diýen söz asyrlar bäri ýaşap ýör.
Baýlyk bilen abrýaly derejänimi ýa-da durmuşdan hoşal gülerýüzlüligimi – haýsy birini saýla diýseler, elbetde, ikinjisini saýlardym. Ýüzläp baýlygyň bolanda näme, ýüzüň salyk bolsa? Uly wezipäň bolanda näme, göwnüň dar bolsa? Haçan görseň, dostunyň jynazasyndan gelýän ýaly ýüzi salyk, dargursak, tukat adam elindäki dünýä mülküniň hözirini görüp biler öýdýärsiňmi? Haçan görseň, gaşy ýazylmaýan, ýüzi çytyk we öýi dowzaha öwürýän zenanyň daşky gözelliginde näme haýyr bar? Daşky keşbi göreni haýran etmeýänem bolsa, öz öýüni jennete öwrüp bilýän zenan müň esse haýyrlydyr, hawa, müň esse!..
Ýürekden syzlyp çykmaýan ýylgyryşlaryň hiç hili gymmaty ýok. Hakyky ýylgyryş tebigatyň ýaramaz häsiýetlerini süňňüňden aýryp, onsoň ýüze çykýar.
Käbir ýürekler bardyr, islendik zatdan şowsuzlyk we şumluk ýasar oturarlar. Käbir ýürekler bardyr, islendik zatdan üstünlik we bagt ýasap bilýärler. Käbir öýüň hanymy öýüň içinde hatadan, hatardan gaýry zady görmez. Her gününi sähetsiz, şowsuz gün hasap eder. Näme üçindir öýdýärsiňiz? Döwlen bir käse üçin, nahara artyk atylan bir çümmük duz üçin, otagda aýagyna çolaşan birje sapak üçin... şeýle bir gaharlanyp, möwjäp, sögünip ugrar welin, heý, goýaý, hetden aşan ol gödek we paýyş sözler öýdäki ähli adamyň degnasyna degip çykar. Seresap boluň, bu häsiýet gözel durmuşy ýalna gabsadyp bilýän uçgundyr. Käbir adamlar bar, eşiden birje nähak sözi üçin, dogry ýaňzydylsa-da, ters düşünenligi üçin ýa-da ýüze çykan bir bolgusyzja iş üçin, ýa bolmasa özi sebäp bolan sähel şowsuzlygy üçin, öwezi ödelmedik gazanjy üçin, ýa-da gazanany garaşýan girdejisinden az bolanlygy üçin dünýäni tupana gapladyp, özleriniň we töweregindäkileriň hem durmuşyny bulap bilýärler. Dünýä olaryň gözüne şeýle bir garaňky, tümlük bolup görner. Soňra ol şol görşi – şol tümlükler bilen özgeleriň hem dünýäsini garaldyp biler. Şeýle pisint adamlar diňe şowsuzlyk tohumlaryny ösdürmäge ukyply ýalydyrlar. Olar birje tümmekden diň, däneden daragt ýasamaga ökdedirler. Haýry gämikletmäge welin, gaýraty çatmajak ýalydyrlar. Alla olara has köp berer, ýöne olar muňa begenip bilmezler. Olar has belent derejelere çykarlar, ýöne bu belentligiň manysyna hem düşünmezler, hözirini hem görüp bilmezler.
Ýylgyrýan, göwnaçyk adam ýüz kynçylygy görer-de, ýylgyrar, gaýta ýene bir kynçylygy ýeňjekdigine bolan ynam hoşuna geler. Ýüzüni sowmaz, kynçylygyň ýüzüne sereder – ýylgyrar. Çäresini tapar – ýylgyrar. Hötdesinden geler – ýylgyrar.
Eser gysgaldylan. ,,Gamgyn
bolma!''
Häzir ýylgyryň, soň güljegiňiz gümana...
12
420
5
Berdi s ý
05.03.2020 09:39
Zürýatlaryňyzy öz ýaşan döwrüňizde alan terbiýäňiz boýunça terbiýelejek bolmaň, sebäbi olar başga döwürde ýaşaýandyrlar.
* * *
Hiç haçan işiň tiz wagtda ýerine ýetirilmegini talap etmäň, onuň gowy ýerine ýetirilmegini talap ediň. Sebäbi adamlar senden ol işiň näçe wagtda ýerine ýetirilendigini däl-de, nähili ýerine ýetirilendigini talap ederler.
* * *
Uly işleri etmäge çalyşýan kiçi adamy ýazgarmaň.
* * *
Eger ynsan erbet gylyk-häsiýetlere endik eden bolsa, onda bu gylyk-häsiýet onuň ömrüniň ahyryna çenli ýaran bolar.
* * *
Eger ynsan köp, biderek we manysyz gürläni üçin pul tölemeli bolsa, onda ol beýle gürrüňlerden daşda durardy.
* * *
Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan bu edýän işiňe ökünme. Sebäbi galan adamlar saňa hyzmat ederler.
* * *
Ylym ýagşy adama-da, ýaman adama-da berlip biler. Emma akyldarlyk, danalyk diňe Allanyň söýen ynsanlaryna berilýändir.
* * *
Eger kimdir birini öwseň, çendan aşa öwme, sebäbi ol saňa ýokardan sereder we seni pes adam hasap eder.
* * *
Eger kimdir biri garaşylmadyk baýlyga eýe bolsa, onda onuň adamlaryň arasynda özüni alyp barşy düýbünden üýtgär.
* * *
Bilim bilen ylmyň arasynda uly tapawut bardyr. Bilim bu öň bilýän zadyňy ýaňadan ýadyňa salmakdyr. Ylym bolsa öň bilmeýän zadyňy öwrenip, ömürlik ýadyňda saklap, soňra geljekki nesle öwretmekdir.
* * *
«Parasatly sözler»
20
581
7
Berdi s ý
04.03.2020 12:12
Gaýgy hasratdan ýaňa darygyp näme etjegini bilmeýän ynsanlara bagyşlanýar. Bu gerek ýerinde sizi sussupeslikden ( depressiýa ) halas eder, eger manysyna düşünseňiz.
“Zamananyň işlerinden köňlüm bozulmaz,
Sabrym kalbyma teselli berer.
Takdyr öz dyrnagyny sanjanda,
Haýsy doga-tumar peýda berer?!”.
Alladan bidin çöp başy gymyldamaz. Bende başyna nä gelýän bolsa, ondan Allanyň habary hem, oňa Allanyň ygtyýary hem bardyr.
Meşhur alymlaryň biri Ibn Abbasyň gözi görmekden galanda, özüni şeýle sözler bilen köşeşdiripdir:
“Perwerdigär gözlerimden nuruny alsa-da,
Ol nurlar, ol gözler kalbymda bardyr.
Kalbym, aklym-aňym düşbi bolsa,
Gylyç deý kesgir sözler dilimde bardyr”.
Bu az zady ýitirmek bilen özüňde bar bolan beýleki köp nygmatlara kanagat etmekligi, şükür etmekligi aňladýar.
“Goý, günler islänini etsin, Başa bela inse, özüňi rahat tut (kaýyl bol). Zeminde kimiň üstüne kaza inse, Asman-zemin ony gaýtaryp bilýän däldir”.
Şahyr Abu al-Atahyýanyň setirlerini ýatlasym gelýär:
“Ençeme gezek ýakymsyz wakalar daşyňy aldy.
Ilkibaşda halamadyň, emma Alla seniň üçin haýyrlysyny saýlady.”
Oýlanyp görüň, näçe gezek ölümden gorkduk, ölmedik?!
Näçe gezek bu ömrüň ahyrydyr, soňudyr diýip gümän etdik, emma ol gaýtadan dönüş, täzeden güýç toplaýyş, dowamat ekendigini bildik.
Näçe gezek ýörejek ýollarymyz daraldy, umyt ýüplerimiz üzüldi, gözýetimler garalayp göründi, birdenkä-de ýeňiş, üstünlik, haýyr we hoş habar bolup çykdy. “Allanyň Özi sizi ol belalardan we barça gamlardan halas eder” .
Näçe gezek dünýämiz garaldy, giň Ýer bize dar göründi, soň görüp otursak, bular diňe ýaýbaň haýyr, ýakymly ýeňillik we Ýaradandan goldaw bolup çykdy. “Allanyň beren derdini Onuň özünden başga bejerýän (dep edýän) ýokdur”.
Allanyň ähli zatdan üstündigini bilýän adam, özgeleriň emelinden, işinden neneňsi howatyr edýärkä? Ähli zadyň Alladan pesdigini, ejizdigini bilýän adam, neçün ejizleriň piriminden çekinip, dowla düşýärkä? Alladan gorkýan adam, näme üçin beýlekilerden hem gorkýarka?
Ibn Kesiriň Gurhana beren tefsirinde şeýle hadys getirilýär:
“Bendäm diňe menden delalat islese, asman-zemin gapyşsa-da, oňa bir çykalga bererin. Eger bendäm, menden özgelerden tama etse, onda dabanynyň astynda ýeri hopduraryn”.
Ymam ibn Teýmiýäniň aýtmagyna görä, “Alladan başga hiç kimde güýç-kuwwat ýokdur” diýen söz bilen ýükler aýrylar, gorkular ýatyşar we ajaýyp hal-ýagdýlara ýetiler” diýýär.
Bu sözleri unutma, çünki ol uçmah hazynalaryndan bir gençdir. Bagtyýarlygyň bir bendidir, rahatlyga eltýän bir ýoldur we ýüregiň giňligidir.
Eser gysgaldylyp alyndy.
13
1 520
42
Berdi s ý
03.03.2020 16:46
Dünýäde hemme zat niýetiňe görä bolýar. Hemme zat niýetiňe görä eken...
Bagtyýarlygyň açary bir sözdür, milletiň mirasy bir sözlemdir, üstünligiň tugy bir jümledir. Bu söz, sözlem we jümle bolsa:
Lä ilähe illallah, Muhammedur - resulullah -dyr.
Ýerde bu sözleri aýdan ynsanyň bagtyýarlygy asmanda oňa “hak sözlediň” diýiler.
Bu sözlere amal eden ynsanyň bagtyýarlygy ol helak bolmakdan,
şermendelikden we dowzah odundan aman bolar.
Bu sözleri ündän adamyň bagtyýarlygy, ol elmydama Allanyň ýardam- enaýatynyň astynda gezer.
Bu sözleri diýen adamyň bagtyýarlygy, Hak dergähinde we halk arasynda eziz hem-de hormatly bolar.
Bilal gul bu sözleri pyşyrdap, erkinlige ýetdi. Ebu Leheb Haşymy ol sözleri aýtmagy agyr gördi, hiç hili gadry bolmadyk hor-homsy bolup dünýäden ötdi. Ol söz ynsanyýet akymyny (toparyny) päkize ylahy beýikliklerine alyp çykýan dirilik suwudyr.
18
525
6
Yene yükle