ZYÝADA
Üşän çagym ýylanyp, ajygamda doýardym,
Mähir ýokdur, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Düýşde didaryň görüp, bagtdan syçrap oýandym,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Sen ýylgyryp bakaňda dünýäm güle dönerdi,
Şar gara gözleriňden behişt nury ýagardy.
Gara başym sypasaň, oglan göwnüm ganardy,
Mähir ýokdur, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Niçik mähriban Diýar, niçik gudrat garaýyş,
Sen bagryňa basaňda umma gitdi gara gyş.
Eje jan, nazar salsaň, gara daglar eremiş,
Mähir ýokdur, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Eje jan, seň didaryň şuglasyn saçyp durdy,
Keramatdy, keremdi, jana hümmetli nurdy.
Meger, seniň bakyşynda Allaň gudraty bardy,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Bir-de, nurana Gündüň, bir-de mähir deňzimdiň,
Göge uçsam ganatym, ýerde şypa-emimdiň.
Huşumda hem düýşümde Howenä meňzediň,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Hakydamda ýylgyryp, ýaşap ýörsüň hemişe,
Maňa ylham berýärsiň, başlanymda her işe.
Sapar diýer, başyma gonan döwlet-perişde,
Mähir bolmaz, eje jan, seň mähriňden zyýada.
Hormatly agzalar we myhmanlar ( gyzlar ) ,, Halkara zenanlar " güniñiz gutly bolsun. Gutlamak bilen size berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny, durmuşda öz halan ornuňyzy eýelemegiňizi arzuw edýän. Ýenede baýramlaryňyz gutly mübärek bolsun.