Berdi s ý
07.03.2020 18:52
Ilki ýylgyryñ.

Aram gülki ünjüleriň dermany, gaýgy-gamlaryň, hesretleriň melhemidir. Göwni göterip, ýüregi şatlandyrmakda onuň täsin güýji we tasiri bardyr. Abu ad- Derda hezretleri “Gülki bilen ýüregime dem-dynç berýärin, özümi dürseýärin” diýer eken.

Gülki, şadyýanlyk giňgöwünliligiň çür başy, rahatlygyň ýokary derejesi, keýpiköklügiň esasy mesgenidir. Ýöne bu öte geçmeýän gülkiniň gürrüňidir. “Aşa köp gülmäň, ýerliksiz we hetdenaşa gülki ýüregi öldürýändir” diýen söz hem bar. Ýakymly ýylgyryşlar, aram gülküler -- ähli göwnüň küýsegi: “Dost-doganyň ýüzüne ýylgyryp bakmak sadakadyr” diýen söz asyrlar bäri ýaşap ýör.
Baýlyk bilen abrýaly derejänimi ýa-da durmuşdan hoşal gülerýüzlüligimi – haýsy birini saýla diýseler, elbetde, ikinjisini saýlardym. Ýüzläp baýlygyň bolanda näme, ýüzüň salyk bolsa? Uly wezipäň bolanda näme, göwnüň dar bolsa? Haçan görseň, dostunyň jynazasyndan gelýän ýaly ýüzi salyk, dargursak, tukat adam elindäki dünýä mülküniň hözirini görüp biler öýdýärsiňmi? Haçan görseň, gaşy ýazylmaýan, ýüzi çytyk we öýi dowzaha öwürýän zenanyň daşky gözelliginde näme haýyr bar? Daşky keşbi göreni haýran etmeýänem bolsa, öz öýüni jennete öwrüp bilýän zenan müň esse haýyrlydyr, hawa, müň esse!..
Ýürekden syzlyp çykmaýan ýylgyryşlaryň hiç hili gymmaty ýok. Hakyky ýylgyryş tebigatyň ýaramaz häsiýetlerini süňňüňden aýryp, onsoň ýüze çykýar.

Käbir ýürekler bardyr, islendik zatdan şowsuzlyk we şumluk ýasar oturarlar. Käbir ýürekler bardyr, islendik zatdan üstünlik we bagt ýasap bilýärler. Käbir öýüň hanymy öýüň içinde hatadan, hatardan gaýry zady görmez. Her gününi sähetsiz, şowsuz gün hasap eder. Näme üçindir öýdýärsiňiz? Döwlen bir käse üçin, nahara artyk atylan bir çümmük duz üçin, otagda aýagyna çolaşan birje sapak üçin... şeýle bir gaharlanyp, möwjäp, sögünip ugrar welin, heý, goýaý, hetden aşan ol gödek we paýyş sözler öýdäki ähli adamyň degnasyna degip çykar. Seresap boluň, bu häsiýet gözel durmuşy ýalna gabsadyp bilýän uçgundyr. Käbir adamlar bar, eşiden birje nähak sözi üçin, dogry ýaňzydylsa-da, ters düşünenligi üçin ýa-da ýüze çykan bir bolgusyzja iş üçin, ýa bolmasa özi sebäp bolan sähel şowsuzlygy üçin, öwezi ödelmedik gazanjy üçin, ýa-da gazanany garaşýan girdejisinden az bolanlygy üçin dünýäni tupana gapladyp, özleriniň we töweregindäkileriň hem durmuşyny bulap bilýärler. Dünýä olaryň gözüne şeýle bir garaňky, tümlük bolup görner. Soňra ol şol görşi – şol tümlükler bilen özgeleriň hem dünýäsini garaldyp biler. Şeýle pisint adamlar diňe şowsuzlyk tohumlaryny ösdürmäge ukyply ýalydyrlar. Olar birje tümmekden diň, däneden daragt ýasamaga ökdedirler. Haýry gämikletmäge welin, gaýraty çatmajak ýalydyrlar. Alla olara has köp berer, ýöne olar muňa begenip bilmezler. Olar has belent derejelere çykarlar, ýöne bu belentligiň manysyna hem düşünmezler, hözirini hem görüp bilmezler.
Ýylgyrýan, göwnaçyk adam ýüz kynçylygy görer-de, ýylgyrar, gaýta ýene bir kynçylygy ýeňjekdigine bolan ynam hoşuna geler. Ýüzüni sowmaz, kynçylygyň ýüzüne sereder – ýylgyrar. Çäresini tapar – ýylgyrar. Hötdesinden geler – ýylgyrar.

Eser gysgaldylan. ,,Gamgyn
bolma!''

Häzir ýylgyryň, soň güljegiňiz gümana...
12
420
Myhman Myhman
8 Mart 2020
Ýylgyrýan,göwnaçyk adam ýüz kynçylygy görer-de ýylgyrar,gaýta ýene bir kynçylygy ýeñjekdigine bolan ynam hoşuna geler...gaty manyly sözler
Berdi s ý
8 Mart 2020
Hawa dogry
Gülhan
7 Mart 2020
Gaty gowy, manyly, peydaly sözler eken... Berekella!!!!......... Ey adam yylgyryp gez hemişe,... Goy, seni söymesinler, goy seni yigrensinler,, şondada durmuşa yylgyrmagy dowam et... Eger şeyle etseň durmuş hem saňa yylgyryp bakar!!!!!.. Durmuş gözeldir, yylgyryp bakanlara ???
Fatima
7 Mart 2020
☺Dogry☝
Sayrak guşjagaz
7 Mart 2020
Dogry aytyanyz Gúlmek ömürdendirem diyilipdir!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.