Berdi s ý
04.03.2020 12:12
Gaýgy hasratdan ýaňa darygyp näme etjegini bilmeýän ynsanlara bagyşlanýar. Bu gerek ýerinde sizi sussupeslikden ( depressiýa ) halas eder, eger manysyna düşünseňiz.


“Zamananyň işlerinden köňlüm bozulmaz,
Sabrym kalbyma teselli berer.
Takdyr öz dyrnagyny sanjanda,
Haýsy doga-tumar peýda berer?!”.

Alladan bidin çöp başy gymyldamaz. Bende başyna nä gelýän bolsa, ondan Allanyň habary hem, oňa Allanyň ygtyýary hem bardyr.
Meşhur alymlaryň biri Ibn Abbasyň gözi görmekden galanda, özüni şeýle sözler bilen köşeşdiripdir:

“Perwerdigär gözlerimden nuruny alsa-da,
Ol nurlar, ol gözler kalbymda bardyr.
Kalbym, aklym-aňym düşbi bolsa,
Gylyç deý kesgir sözler dilimde bardyr”.

Bu az zady ýitirmek bilen özüňde bar bolan beýleki köp nygmatlara kanagat etmekligi, şükür etmekligi aňladýar.


“Goý, günler islänini etsin, Başa bela inse, özüňi rahat tut (kaýyl bol). Zeminde kimiň üstüne kaza inse, Asman-zemin ony gaýtaryp bilýän däldir”.

Şahyr Abu al-Atahyýanyň setirlerini ýatlasym gelýär:
“Ençeme gezek ýakymsyz wakalar daşyňy aldy.
Ilkibaşda halamadyň, emma Alla seniň üçin haýyrlysyny saýlady.”

Oýlanyp görüň, näçe gezek ölümden gorkduk, ölmedik?!
Näçe gezek bu ömrüň ahyrydyr, soňudyr diýip gümän etdik, emma ol gaýtadan dönüş, täzeden güýç toplaýyş, dowamat ekendigini bildik.
Näçe gezek ýörejek ýollarymyz daraldy, umyt ýüplerimiz üzüldi, gözýetimler garalayp göründi, birdenkä-de ýeňiş, üstünlik, haýyr we hoş habar bolup çykdy. “Allanyň Özi sizi ol belalardan we barça gamlardan halas eder” .
Näçe gezek dünýämiz garaldy, giň Ýer bize dar göründi, soň görüp otursak, bular diňe ýaýbaň haýyr, ýakymly ýeňillik we Ýaradandan goldaw bolup çykdy. “Allanyň beren derdini Onuň özünden başga bejerýän (dep edýän) ýokdur”.
Allanyň ähli zatdan üstündigini bilýän adam, özgeleriň emelinden, işinden neneňsi howatyr edýärkä? Ähli zadyň Alladan pesdigini, ejizdigini bilýän adam, neçün ejizleriň piriminden çekinip, dowla düşýärkä? Alladan gorkýan adam, näme üçin beýlekilerden hem gorkýarka?
Ibn Kesiriň Gurhana beren tefsirinde şeýle hadys getirilýär:
“Bendäm diňe menden delalat islese, asman-zemin gapyşsa-da, oňa bir çykalga bererin. Eger bendäm, menden özgelerden tama etse, onda dabanynyň astynda ýeri hopduraryn”.
Ymam ibn Teýmiýäniň aýtmagyna görä, “Alladan başga hiç kimde güýç-kuwwat ýokdur” diýen söz bilen ýükler aýrylar, gorkular ýatyşar we ajaýyp hal-ýagdýlara ýetiler” diýýär.
Bu sözleri unutma, çünki ol uçmah hazynalaryndan bir gençdir. Bagtyýarlygyň bir bendidir, rahatlyga eltýän bir ýoldur we ýüregiň giňligidir.


Eser gysgaldylyp alyndy.
13
1 520
Berdi s ý
5 Mart 2020
Herkim özüçe herhili pikir edip biler Myhman aga. Hoş sag boluñ.
Myhman Myhman
5 Mart 2020
Hayyy bolyalayy dusnuksiz adam ekenin poka
Berdi s ý
5 Mart 2020
Señem gijäñ rahat bolsun.
Berdi s ý
5 Mart 2020
Ýokla saña däldir. Ol başga Myhmanmyka diýýän. Myhman dost bolsa men bn ýazyşýan diýipdir aşakda.
Sayrak guşjagaz
5 Mart 2020
Mlds Berdi.Ishinizde ustunlik.Gijaniz rahat bolsun
Berdi s ý
5 Mart 2020
Saña Myhman dost soñky sözüm bu ýerde birnäçe ünsi özüñe çekip oturmada bes et. Ýeterlik hälki aýdyşym ýaly tutarlyk sözüñ ýok.

Özündäki aýby görmän, gözleme aýyp, Başgalara şyltak atma, halamaz Gaýyp.

???eger many çykaryp bilseñ
Sayrak guşjagaz
5 Mart 2020
Yazyshyan diymande name yazyshjagymy bilman bahana gozlap otyryn diyin.Onsanam Berdiñ postyna girip okan ozuna,o sana yazan zatlaryny yorite señ un hodurlanok.
Myhman Myhman
5 Mart 2020
Men dine postun eyesi bn yazysyan
Sayrak guşjagaz
5 Mart 2020
Yanky myhman özüne baha ber diyen sozuni mana yazdymy Berdi
Berdi s ý
5 Mart 2020
Onuň nm tapawudy bar. Hany köp jedele gidip biderek senem kelläñi agyrtma menem agyrtmaýyn. Bu ýer jeñ meýdany däl. Özem bolgusyzja zat üstünde gep köpeltýäň. Hiç hili esas ýok sende( baram bolsa düşündirip bileñok ). Bar işiñ men dällirna seniñ.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.