Dünýäde hemme zat niýetiňe görä bolýar. Hemme zat niýetiňe görä eken...
Bagtyýarlygyň açary bir sözdür, milletiň mirasy bir sözlemdir, üstünligiň tugy bir jümledir. Bu söz, sözlem we jümle bolsa:
Lä ilähe illallah, Muhammedur - resulullah -dyr.
Ýerde bu sözleri aýdan ynsanyň bagtyýarlygy asmanda oňa “hak sözlediň” diýiler.
Bu sözlere amal eden ynsanyň bagtyýarlygy ol helak bolmakdan,
şermendelikden we dowzah odundan aman bolar.
Bu sözleri ündän adamyň bagtyýarlygy, ol elmydama Allanyň ýardam- enaýatynyň astynda gezer.
Bu sözleri diýen adamyň bagtyýarlygy, Hak dergähinde we halk arasynda eziz hem-de hormatly bolar.
Bilal gul bu sözleri pyşyrdap, erkinlige ýetdi. Ebu Leheb Haşymy ol sözleri aýtmagy agyr gördi, hiç hili gadry bolmadyk hor-homsy bolup dünýäden ötdi. Ol söz ynsanyýet akymyny (toparyny) päkize ylahy beýikliklerine alyp çykýan dirilik suwudyr.