Zürýatlaryňyzy öz ýaşan döwrüňizde alan terbiýäňiz boýunça terbiýelejek bolmaň, sebäbi olar başga döwürde ýaşaýandyrlar.
* * *
Hiç haçan işiň tiz wagtda ýerine ýetirilmegini talap etmäň, onuň gowy ýerine ýetirilmegini talap ediň. Sebäbi adamlar senden ol işiň näçe wagtda ýerine ýetirilendigini däl-de, nähili ýerine ýetirilendigini talap ederler.
* * *
Uly işleri etmäge çalyşýan kiçi adamy ýazgarmaň.
* * *
Eger ynsan erbet gylyk-häsiýetlere endik eden bolsa, onda bu gylyk-häsiýet onuň ömrüniň ahyryna çenli ýaran bolar.
* * *
Eger ynsan köp, biderek we manysyz gürläni üçin pul tölemeli bolsa, onda ol beýle gürrüňlerden daşda durardy.
* * *
Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan bu edýän işiňe ökünme. Sebäbi galan adamlar saňa hyzmat ederler.
* * *
Ylym ýagşy adama-da, ýaman adama-da berlip biler. Emma akyldarlyk, danalyk diňe Allanyň söýen ynsanlaryna berilýändir.
* * *
Eger kimdir birini öwseň, çendan aşa öwme, sebäbi ol saňa ýokardan sereder we seni pes adam hasap eder.
* * *
Eger kimdir biri garaşylmadyk baýlyga eýe bolsa, onda onuň adamlaryň arasynda özüni alyp barşy düýbünden üýtgär.
* * *
Bilim bilen ylmyň arasynda uly tapawut bardyr. Bilim bu öň bilýän zadyňy ýaňadan ýadyňa salmakdyr. Ylym bolsa öň bilmeýän zadyňy öwrenip, ömürlik ýadyňda saklap, soňra geljekki nesle öwretmekdir.
* * *
«Parasatly sözler»